AFC CL. "Arkadag" ak, "Al-Arabi" ýaşyl lybasda

Şu gün Arkadag şäherinde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarym final tapgyrynyň jogap duşuşygynyň öňüsyrasyndaky guramaçylyk maslahaty geçirildi. Oňa AFK-nyň, duşuşyga gatnaşyjy toparlaryň wekilleri we eminler gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, "Arkadag" futbol topary ýeňinji finala çykarjak duşuşykda Kuweýtiň "Al-Arabi" toparyny kabul eder. Iki toparyň arasyndaky ilkinji duşuşyk "Al-Arabiniň" 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Guramaçylyk maslahatynda iki toparyň ertirki duşuşykda geýjek lybaslary hem belli edildi. Ertir myhman topar ýaşyl, ýer eýeleri bolsa ak lybasda meýdana çykar.

Duşuşyk ertir - 16-njy aprelde "Arkadag" stadionynda geçiriler. Onuň gündiz sagat 15:30-da başlanmagyna garaşylýar. Ýaryşyň final tapgyryna gatnaşmak üçin "Arkadag" topary azyndan 3 gol tapawudy bilen ýeňiş gazanmaly bolar.

Şu habar hem ünsüňizi çeker:

AFK-nyň Çagyryş ligasy: "Al-Arabi" Türkmenistana geldi