AFC CL. "Al-Arabi" Türkmenistana geldi
Kuweýt Patyşalygynyň "Al-Arabi" topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Topar duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanda türgenleşiklerini dowam etdirdi.

16-njy aprelde geçiriljek jogap duşuşygy Kuweýtiň toparynyň garşydaşy - "Arkadag" topary üçin uly synag bolar. Çünki mundan bir hepde ozal El-Kuweýt şäherinde geçirilen birinji duşuşykda "Al-Arabi" 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
"Arkadag" - "Al-Arabi" duşuşygy gündiz geçiriler. Has takygy, "Arkadag" stadionynda geçiriljek duşuşygyň gündiz sagat 15:30-da başlanmagyna garaşylýar. Ýaryşyň finalyna çykmak üçin "Arkadag" topary güýçli garşydaşyny azyndan 3 golluk tapawut bilen ýeňmeli bolar.
"Janköýer" türkmen futbolynyň şöhratly toparyna ertirki synagda üstünlik arzuw edýär! Bu iki günde türkmen futbolynyň ýüregi "Arkadag" topary bilen deň urýar! Öňe, Çempion!

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)
