
TNK. Şol bir günde, şol bir şäherde
03.12.2024ý.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, ertir – 4-nji dekabrda Balkanabat şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler. Onda «Arkadag» we «Ahal» toparlary güýç synanyşar.
Balkanabat şäheri bu duşuşygy 19 ýyllyk arakesmeden soňra taryhynda ikinji gezek kabul edýär. Habarymyzda ünsüňizi çekmek isleýän esasy aýratynlygymyz bolsa şol duşuşygyň hem 4-nji dekabrda geçirilenligidir.
Has takygy, 2005-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk geçirilipdi. Balkanabat şäherinde bolan şol duşuşykda Aşgabadyň HTTU topary Marynyň «Merwini» 4:1 hasabynda ýeňip, bu Kubogyň ilkinji eýesi hökmünde taryha giripdi.
Duşuşyk 19 ýyllyk taryhynda paýtagtdan başga bir şäherde üçünji gezek geçirilýär. Duşuşygy 2013-nji ýylda Türkmenabat şäheri kabul edipdi. Şol gün – 2013-nji ýylyň 5-nji aprelinde HTTU esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykda «Balkany» (häzirki «Nebitçi») 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 4:2 hasabynda ýeňipdi.
Ertirki duşuşygyň gündiz sagat 14:00-da başlanjakdygyny ýatladýarys. Bu duşuşyk Guwançmuhammet Öwekowyň TFF-niň, Arslanmyrat Amanowyň bolsa "Arkadag" toparynyň başlygy wezipesinde geçirjek ilkinji Naýbaşy kubok duşuşygy bolar. Guwançmuhammet Öwekowyň bu wezipä 4-nji noýabrda bellenilendigini ýatladýarys.
Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk:
04.12.2024ý. (çarşenbe)
14:00 I “Arkadag” – “Ahal”
Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)
Duşuşygyň emini: Arslan Goşşanow (Tejen ş.)
Kömekçi eminler: Şageldi Hydyrow (Balkanabat ş.), Ezizmyrat Annamyradow (Balkanabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: Rustam Japarow (Aşgabat ş.)
Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!