
TNK. 4-nji dekabrda Balkanabat şäherinde geçiriler
02.12.2024ý.
Türkmenistanyň 2023-nji ýyldaky futbol möwsüminiň netijeleri boýunça Naýbaşy kubok ugrunda geçiriljek duşuşygyň wagty belli boldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.
TFF-niň resmi saýtynyň ýazmagyna görä, bu duşuşyk 4-nji dekabr güni Balkanabat şäherinde geçiriler. Has takygy, ýurdumyzda futbolyň şäheri hökmünde giňden belli bolan günbatar sebitdäki şäheriň 10 müň orunlyk sport toplumynda geçiriljek duşuşykda 2023-nji ýylda Türkmenistanyň çempiony we ýurdumyzyň Kubogynyň eýesi bolan «Arkadag» futbol topary kubok ýaryşynyň finalçysy «Ahal» bilen güýç synanyşar. «Arkadag» topary Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyga taryhynda ilkinji gezek gatnaşar. «Ahal» bolsa arzyly Kubok üçin taryhynda bäşinji gezek ýaşyl meýdana çykar. Topar ozalky dört duşuşygyň diňe birinde ― 2014-nji ýylda Kubogy eýeläp görüpdi. Galan duşuşyklarda bolsa topar «Altyn Asyrdan» asgyn geldi. Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň häzirki eýesi paýtagtyň «Altyn Asyr» toparydyr. Topar bu Kuboga bassyr 8 gezek mynasyp boldy.
Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk:
04.12.2024ý. (çarşenbe)
14:00 I “Arkadag” – “Ahal”
Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)
Duşuşygyň emini: Arslan Goşşanow (Tejen ş.)
Kömekçi eminler: Şageldi Hydyrow (Balkanabat ş.), Ezizmyrat Annamyradow (Balkanabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: Rustam Japarow (Aşgabat ş.)
Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!