www.jankoyer.com.tm

AFC CL Two. JH: "Eýr Fors" – "Altyn Asyr" duşuşygy sanlarda we maglumatlarda

19.09.2024ý.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, «Altyn Asyr» AFK-nyň ikinji derejeli Çempion ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda ilkinji duşuşygyny geçirdi. Düýn, 18-nji sentýabrda Yrak döwletiň paýtagty Bagdat şäheriniň «Al-Madina» halkara stadionynda «Eýr Fors» – «Altyn Asyr» duşuşygy geçirildi. Oýun 2:1 hasabynda ýer eýeleriň peýdasyna tamamlandy. 

Aşgabadyň «Altyn Asyr» futbol topary düýn yklym ýaryşlarynda 45-nji gezek meýdana çykdy. Bu duşuşyklaryň soňky ikisinden galany AFK-nyň kubogyna degişlidir.

Toparyň tejribeli futbolçysy Myrat Annaýew düýn «Altyn Asyryň» yklym ýaryşlaryndaky 57-nji goluny geçirdi. Toparyň AFK-nyň ýaryşlarynda 11-nji gezek ýeňlendigini hem aýdyp geçmek gerek.

Myrat Annaýewiň özi bolsa «aragatnaşykçylaryň» hatarynda yklym ýaryşlarynda üçünji gezek tapawutlandy. Ol bu gollaryň ikisini AFK-nyň ikinji derejeli Çempionlar ligasynda geçirdi.

«Altyn Asyr» yklym ýaryşlarynda «Eýr Fors» bilen ikinji gezek duşuşdy. Birinji duşuşyk AFK-nyň kubogy 2018-iň finalynda geçirilipdi.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!