www.jankoyer.com.tm

TÝL. JH: 23-nji tapgyrdan soň

16.09.2024ý.

Taryhy tapgyr 7 duşuşyga çykdy: Altymyrat Annadurdyýew bassyr ýedinji duşuşygynda hem gol geçirdi.

Amanow – ilkinji 5-likde: Möwsümde 9-njy goluny geçiren Arslanmyrat Amanow iň netijeli futbolçylaryň sanawynda bäşinji ornuň ýeke-täk eýesi boldy.

Çempionyň 100-nji goly: «Arkadag» futbol topary soňky sekiz ýylda Ýokary ligada 100 gol geçirip bilen ilkinji topar boldy. Toparyň şu möwsümdäki 100-nji goluny kapitan Arslanmyrat Amanow geçirdi.

6 tapgyr garaşdyran ýeňiş: Iň soňky gezek 18-nji maýda öz stadionynda «Aşgabatdan» üstün çykan «Nebitçi» (16-njy tapgyr) şondan bäri alty duşuşykda ýeňiş gazanyp bilmän gelýärdi. Balkan derbisinde bolsa bu şowsuz tapgyra nokat goýuldy.

Şol bir hasap: «Nebitçi» bilen «Şagadamyň» arasynda şu ýyl geçirilen duşuşyklaryň üçüsi hem şol bir hasap – 2:1 hasaby bilen tamamlandy. Bu duşuşyklaryň ikisinde «Nebitçi», birinde bolsa «Şagadam» ýeňiş gazandy.

Ilkinji gollar: Ilýas Çaryýew («Arkadag»), Toýly Goçnazarow («Merw») we Yhlas Magtymow («Şagadam») dagylar Ýokary liganyň şu möwsümindäki ilkinji gollaryny geçirdiler. Şeýlelikde, möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 93-e çykdy.

Möwsümiň 300-nji goly: Ýokary liganyň häzirki möwsümiň 300-nji goly şu tapgyrda geçirildi. Duşuşyklarda gollaryň geçirilen wagtyna görä hasaplasak, bu goly «Merwiň» futbolçysy Toýly Goçnazarowyň adyna ýazyp bileris. Emma ýaryş tablisasyna şol 300 gollaryň 3-si tehniki ýeňliş sebäpli goşulandygyny ýatladýarys. ("Şagadam" – "Altyn Asyr" – 0:3, tehniki ýeňliş, 10-njy tapgyr: 24.04.2024ý.)


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!