www.jankoyer.com.tm

"Janköýer" bilen TFF-däki ýaryş tertibi deňlendi

15.05.2024ý.

TFF Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasy bilen bagly ýaryş tertibini ahyrsoňky «Janköýeriň» ulgamyndaky tertip bilen deňledi. Munuň sebäbi federasiýasynyň tertip-düzgün baradaky komitetiniň 10-njy tapgyrdaky «Şagadam» – «Altyn Asyr» duşuşygy bilen bagly çözgüt kabul edenligidir.

Göz öňünde tutulýan duşuşyk 24-nji aprelde geçirilipdi. Myhman topar 2:0 hasabynda öňde barýarka, meýdandaky düşünişmezlik sebäpli, 83-nji minutda oýun saklanyldy. Şol minuda çenli «Altyn Asyryň» gollaryny 13-nji minutda Ahmet Ataýew, 19-njy minutda Wahyt Orazsähedow geçirdi. Duşuşygy Resul Mämmedowyň ýolbaşçylygyndaky eminler topary alyp bardy.

Komitet bu ýagdaý sebäpli «Şagadama» 0:3 hasabyndaky tehniki ýeňliş yglan etdi. Muny TFF-niň resmi saýtynda täzelenen ýaryş tertibi hem tassyklaýar. Bu çözgütden soň «Altyn Asyr» 12 duşuşykda gazanan 25 utugy bilen ýaryş tertibinde üçünji orny eýeleýär. Şonça duşuşykda 18 utuk toplan «Şagadam» bolsa bäşinji orny eýeleýär.