www.jankoyer.com.tm

OTÝ. "Altyn Asyr" ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazandy

16.07.2024ý.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aşgabadyň "Altyn Asyr" futbol topary şu günler daşary ýurtda ýagny, Rumyniýanyň Braşow şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygy geçirýär.

Rumyniýanyň Braşow şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýan Aşgabadyň «Altyn Asyr» futbol topary bu ýerdäki ilkinji halkara ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Şu gün geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň garşydaşy Rumyniýanyň «Metaglobus» topary boldy. Bu topar Rumyniýanyň çempionatynyň ikinji ligasynda çykyş edýär. Duşuşyk «Altyn Asyryň» 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeke-täk goly 22-nji minutda ýarymgoragçy Myrat Annaýew 11 penaltiden (metrlik jerime urgusyndan) geçirdi.

Bu oýun «Altyn Asyr» üçin AFK Çempionlar ligasy 2 halkara ýaryşyna taýýarlygyň bir bölegi boldy. Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna çykmak üçin aýgytlaýjy oýun 14-nji awgustda Kalkutta şäherinde geçirilip, onda «Altyn Asyr» Hindistanyň «Ist-Bengal» topary bilen duşuşar.

«Altyn Asyryň» bu ýerde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ýene birnäçesini geçirmegine garaşylýar.

Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 27-nji iýula çenli dowam eder.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!