www.jankoyer.com.tm

TÝL. "Altyn Asyr" daşary ýurtda OTÝ geçirýär

13.07.2024ý.

Futbol möwsümine berlen tomusky arakesmeden peýdalanyp, Ýokary liga wekilçilik edýän toparlar daşary ýurtlarda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirip başladylar. 

Aşgabadyň "Altyn Asyr" futbol topary şu günler daşary ýurtda ýagny, Rumyniýanyň Braşow şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygy geçirýär. Şol okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde ýoldaşlyk duşuşyklaryny hem geçirmegine garaşylýar. Şol duşuşyklaryň netijeleri barada «Janköýerde» habar bereris.

Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 27-nji iýula çenli dowam eder.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!