TÝL.  "Arkadag" topary 100-nji goluny geçirdi

03.04.2024ý.

Geçen ýylyň baharynda döredilen «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynda 100-nji goluny geçirdi. Bu gol 5-nji tapgyryň çägindäki «Aşgabat»  – «Arkadag» duşuşygynda geçirildi.

Duşuşykda myhmançylykda çykyş eden geçen ýylky çempionyň 8:1 hasabynda ýeňiş gazanandygyny ýatladýarys. «Arkadag» futbol toparynyň duşuşykdaky bäşinji goly toparyň çempionatdaky 100-nji goly hökmünde bellige alyndy. Bu goly 22-nji minutda hüjümçi Altymyrat Annadurdyýew geçirdi.

Şondan soň hem duşuşykda 3 gol geçiren «Arkadag» futbol topary 103 gol bilen çempionatyň taryhynda iň kän tapawutlanan toparlaryň sanawynda 18-nji orny eýeleýär.