
WCQ 2026. Gonkong – Türkmenistan toparlaryň köýnekçeleri belli boldy
20.11.2023ý.
Şu gün, 20-nji noýabrda Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň “E” toparçasynda çykyş edýän Gonkong hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň öňüsyrasynda Gonkongyň "Gonkong" stadionynyň konferensler zalynda oýnuň öňýanyndaky ýygnanyşyk geçirildi.
Şeýle-de, ýygnanyşygyň dowamynda ertirki oýunda milli ýygyndylaryň meýdança çykjak köýnekçeleri mälim edildi. Gonkongyň milli ýygyndysy ýer eýesi hökmünde gyzyl, Türkmenistanyň milli ýygyndysy bolsa ak köýnekçede çykyş eder.
Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň “E” toparçasynda çykyş edýän Gonkongyň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk 21-nji noýabrda “Gonkong” stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da başlanar.
2023-nji ýylyň 16-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň ikinji raundynyň birinji duşuşygynda Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Türkmenistandan 1:3 hasabynda üstün çykypdy.
Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň “E” toparçasynda çykyş edýän Gonkongyň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň öňüsyrasynda, 20-nji noýabrda metbugat ýygnanyşygy geçiriler. Oýundan öňki metbugat ýygnanyşygy “Gonkong" stadionynda geçiriler.
Metbugat ýygnanyşygy ilki, Aşgabat wagty bilen sagat 16:30-da Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazowyň hem-de ýygyndy toparymyzyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazowyň gatnaşmagynda geçiriler.
16:45-de bolsa metbugat wekilleriniň sowallaryna Gonkongyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi norwegiýaly Ýorn Andersen bilen bu ýygyndy toparyň oýunçylarynyň biri jogap bererler.
«Dünýä Kubogy 2026» hem-de «Aziýa Kubogy 2027» atly halkara ýaryşynyň saýlama tapgyry, “E” toparça:
2-nji tapgyr: 21.11.2023ý.
17:00 | Gonkong – Türkmenistan
Geçirilýän ýeri: "Gonkong" stadiony (Gonkong)
Başlanýan wagty: 17:00 (Aşgabat wagty boýunça)