www.jankoyer.com.tm

WCQ 2026. Türkmenistan – Özbegistan – 1:3

 

16.11.2023ý.

2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň ikinji raundynyň birinji duşuşygynda Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Türkmenistandan üstün çykdy. Şu gün, 16-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen duşuşyk 1:3 hasabynda tamamlandy.

Duşuşygyň birinji ýarymy türkmenistanly futbolçylaryň peýdasyna 1:0 tamamlandy, 44-nji minutda Meýlis Durdyýew hasaby açdy.

Ikinji ýarymda 57-nji we 77-nji minutlarda Özbegistandan Otabek Şukurow dubl etdi. 90+1 minutda Eldor Şomurodow toparynyň üçünji goluny geçirdi.

Ugurdaş duşuşykda E toparda Eýran Gonkongy 4:0 hasabynda ýeňdi.

Saýlama tapgyryň indiki oýnunda 21-nji noýabrda Türkmenistan myhmançylykda Gonkong bilen duşuşar. Özbegistan bolsa Eýrany kabul eder.

Çeşme: TmCars