Mbappe netijelilik babatda Messi bilen Ronaldunyň rekordyny täzeledi

20.11.2023ý.

Kilian Mbappe karýerasynda 300-nji goluny geçirdi. Ol bu görkezijä Ýewro-2024-iň saýlama tapgyrynyň çäginde Gibraltar bilen geçirilen duşuşykda ýetdi.

Fransiýanyň we «Pari Sen-Žermeniň» 24 ýaşly hüjümçisi bu görkeziji babatda Lionel Messiden we Kriştianu ROnaldudan öňe geçdi. Olar 300-nji goluny 25 ýaşynda geçiripdiler.
Mundan başga-da, Mbappe Fransiýanyň milli ýygyndysy üçin 46-njy goluny geçirdi we iň gowy bombardirleriň sanawynda Oliwýe Žirudan we Týerri Anriden soň üçünji boldy.
Ýatlatsak, fransuz topary Gibraltary 14:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. Mbappe duşuşykda 3 gol geçirdi.

 

Çeşme: TmCars