EUROQ 2024. Fransiýa Gibraltary 14:0 hasap bilen ýeňdi
19.11.2023ý.
Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynda Fransiýa Gibraltary 14:0 hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Fransuzlardan Kilian Mbappe het-trik etdi, Kingli Koman we Oliwýe Žiru dubl, Markus Týuram, Uorren Zair-Emeri, Žonatan Klauss, Ýussuf Fofana, Adrien Rabýo we Usman Dembele bir goldan geçirdiler.

Mbappe şeýle hem üç sany assist etdi.
Ugurdaş duşuşykda Niderlandlaryň ýygyndysy Irlandiýany 1:0 hasap blen ýeňdi.
Fransiýa yzygider ýedinji ýeňşini gazanyp, 21 utuk bilen B toparda liderlik edýär. Ikinji ýerde Niderlandlar ýerleşýär (15 utuk). Bularyň ikisi hem Ýewro-2024-e çykmaga hukuk gazandylar.
Toparda Gresiýa üçünji (12 utuk), Irlandiýa dördünji (6 utuk), Gibraltar bäşinji (0) ýerleşýär.

Çeşme: TmCars

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

