Türkmenistan FIFA-nyň reýtingindäki ýerini täzeledi
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtinginde bir basgançak aşak düşüp, 138-nji orunda ýerleşdi.
Mergen Orazowyň şägirtleriniň iýun aýynda CAFA Nations Cup-2023-e gatnaşyp, Täjigistanyň ýygyndysy bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnandygyny, Özbegistan bilen Omandan bolsa 0:2 hasabynda ýeňlendigini ýatladýarys.
Täzelenen sanawyň liderleri çalyşmady: Argentina birinji, Fransiýa ikinji, Braziliýa bolsa üçünji orundaky ýerini gorady.
FIFA-nyň reýtingi:
1. Argentina — 1843.73
2. Fransiýa — 1843.54
3. Braziliýa — 1828.27
4. Angliýa — 1797.39
5. Belgiýa — 1788.55
6. Horwatiýa — 1742.55
7. Niderlandlar — 1731.23
8. Italiýa — 1726.58
9. Portugaliýa — 1718.25
10. Ispaniýa — 1703.45
135. Filippin — 1095.66
136. Sent-Kristofer we Newis — 1092.03
137. Malaýziýa — 1091.57
138. TÜRKMENISTAN – 1089.77.
139. Ruanda — 1089.46
140. Burundi — 1085.06

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)
