“Altyn top 2023”-iň ýeňijisi şu gije belli bolýar

 

30.10.2023ý.

Şu gije futbolçylar üçin iň abraýly şahsy baýrak hasaplanýan “Ballon d’Or”, ýagny “Altyn top” baýragynyň 2023-nji ýyldaky eýesi belli bolar. Pariždäki “Theatre du Chatelet”-de geçiriljek dabara 00:45-de başlanar. Dabarada diňe bir “Altyn top” baýragynyň eýesi däl, eýsem, “Ballon d’Or Feminin” (iň ökde zenan futbolçy), “Kopa Trophy” (iň ökde ýaş futbolçy), “Yashin Trophy” (iň ökde derwezeçi), “Socrates Award” (haýyr-sahawat etmekde tapawutlanan futbolçy), “Gerd Muller Trophy” (iň köp gol geçiren hüjümçi) hem-de ýylyň kluby baýraklarynyň eýeleri hem belli bolar.

Geçen ýyl Karim Benzemanyň alan “Altyn top” baýragynyň bu ýylky iň esasy dalaşgäri Lionel Messi hasaplanýar. Messi milli ýygyndysy Argentinanyň Dünýä Kubogyny gazanmagynda uly rol oýnady. Messi baýragy mundan ozal 7 gezek gazanyp, bu ugurda Ronaldodan 2 baýrak öňe saýlanypdy.

Messiniň esasy dalaşgärleri hökmünde-de taryhynda ilkinji gezek UEFA Çempionlar Ligasyny gazanan “Mançester Sitiniň” ýyldyzlary Erling Holann bilen Kewin De Bruýne görkezilýär.