www.jankoyer.com.tm
AFC Cup: “Merw” – “Altyn Asyr” – 1:2
26.10.2023ý.
Aşgabadyň «Altyn Asyr» toparynyň futbolçylary AFK-nyň kubogy-2023/24 ýaryşynda Merkezi Aziýa «E» toparynda üçünji tapgyrdan soň ikinji orny eýeledi. Kantdan Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» we Kulýabdan Täjigistanyň «Rawşan» we Türkmenistandan Marynyň «Merw» toparlary ýaryşyň indiki tapgyryna ýeke-täk hukuk ugrunda göreşýärler.
Iki türkmen toparynyň Aziýada ähmiýeti boýunça ikinji derejeli klublar kubogy ugrunda bir toparda ikinji gezek bäsleşýändigi bellärliklidir. Bäş ýyl mundan ozal AFK-nyň kubogynyň taryhynda şeýle ýagdaý bolupdy, onda Türkmenistandan iki futbol topary – «Altyn asyr» we «Ahal» «D» topar düşüpdi. Olaryň biri – «Altyn asyr» ýaryşyň finalyna çenli ýetipdi.
AFK-nyň kubogy ugrunda häzirki ýaryşda «Altyn asyr» ýurdumyzyň wise-çempiony derejesinde çykyş edýär. Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi «Merw» Gyrgyzystanyň Naýbaşy kubogyň häzirki üç gezek ýeňijisi we wise-çempiony Oş şäheriniň «Alaý» futbol toparyndan öz meýdançasyndaky saýlama oýunda 1:0, myhmançylykda Täjigistanyň 2022-nji ýyldaky çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi «Hujandyndan» 2:1 hasabynda üstün çykyp, ýaryşyň topar tapgyryna çykdy.
Birinji tapgyrda «Merw» «Rawşan» bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnap, utuk gazansa, «Altyn asyr» Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» futbol toparyndan - 0:3 hasabynda ýeňildi.
Şondan soňky tapgyra türkmen toparlary, hamala, dilleşen ýaly öz meýdançasyndaky oýunlaryny 1:1 hasabynda deňme-deň tamamladylar. 1:0 hasabynda öňe çykan «Merw» «Abdyş-Ata» bilen geçirilen duşuşykda ýeňşini elden giderdi. «Altyn asyr» bolsa 0:1 hasabynda ýeňilip durka «Rawşan» bilen oýunda deňlik gazandy.
Türkmen toparlarynyň biri-biri bilen duşuşan üçünji tapgyryndan öň 2 utuk bilen ikinji orunda barýan «Merw» öňdeligi eýelän «Abdyş-Atadan» 2 utuk yzdady, «Altyn asyr» bolsa 1 utuk bilen sanawyň soňundady.
Şu gün «Aşgabat» köpugurly stadionynda AFK-nyň kubogynyň 3-nji tapgyrynda geçen möwsümi bürünç medal bilen tamamlan Marynyň «Merw» topary geçen möwsümiň wise-çempiony ― Aşgabadyň «Altyn Asyr» toparyny kabul etdi.
Oýnuň birinji ýarymy iki topara-da üstünlik getirmedi. 60-njy minutda «Merw» erkin urgusyna hukuk gazandy. Kemal Annamuhammedow topy jerime meýdançasyna geçirmekçi boldy, ýöne pökgini derwezäniň ýokarky burçuna gönükdirip, hasaby açdy – 1:0.
Esasy wagtyň gutarmagyna 6 minut galanda «Merwiň» goragçysy Şazada Bäşimow jerime meýdançasyndan topy kellesi bilen urup, öz jerime meýdançasyndan çykarmakçy boldy, ýöne ony başarmady. Rahman Myratberdiýew 13 metrden güýçli urgy bilen hasaby deňledi - 1:1. Oýna goşmaça wagtyň 7-nji minutynda Selim Nurmyradow 22 metrden jerime urgusyndan «Altyn Asyra» 2:1 hasabynda ýeňiş getirdi.
3-nji tapgyryň beýleki bir oýnunda Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» futbol topary 51-nji minutda Emmanuel Ýagryň geçiren ýeke-täk pökgüsi netijesinde Täjigistanyň «Rawşanyny» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi we «E» toparda 7 utuk bilen öňdeligini berkitdi. «Alyn Asyryň» ondan 3 utugy az. «Merwiň» we «Rawşanyň» hersiniň 2 utugy bar.
4-nji tapgyryň oýunlary 9-njy noýabrda geçiriler. Şol gün «Abdyş-Ata» Bişkekde Dolen Omurzakow stadionynda «Rawşan», «Altyn asyr» we «Merw» bu gezek Aşgabat stadionynda ikinji gezek duşuşarlar, şonda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparynyň oýunçylary meýdança eýeleri hökmünde çykyş ederler.
Duşuşykda ýer eýeleri Kemal Annamuhammedowyň 60-njy minutynda jerime urgusyndan geçiren owadan goly bilen 1-0 öňe saýlandy. Ýöne duşuşygyň 84-nji minutynda "Altyn Asyr" toparynyň hüjümçisi Rahman Myratberdiýew hasaby deňlemegi başardy – 1:1. Oýunyñ soňky minutynda ýagny, goşmaça wagtyň 7-nji minutynda "Altyn Asyr" toparynyň hüjümçisi Selim Nurmyradow jerime urgusyndan geçiren owadan goly bilen "Altyn Asyr" topary ilkinji ýeňşini gazandy.
Şeýle hem şol gün Täjigistanyň «Rawşan» topary Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparyny öz meýdançasynda kabul etdi. Duşuşyk "Abdyş-Atanyň" 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeke-täk pökgini 51-nji minutda Emmanuel Ýaghr geçirdi.
AFK-nyň Kubogy 2023/24. Merkezi sebit. «E» toparça:
3-nji tapgyr, 26-njy oktýabr (penşenbe):
«Merw»– «Altyn Asyr» – 1:2
[1:0] – 60' [10] Kemal Annamuhammedow
[1:1] – 84' [10] Rahman Myratberdiýew
[1:2] – 90'+7 [77] Selim Nurmyradow
Duýduryşlar:
87' [2] Şazada Bäşimow («Merw»)
87' [7] Myrat Annaýew («Altyn Asyr»)
90'+1 [2] Zafar Babajanow («Altyn Asyr»)
90'+4 [8] Ahmet Ataýew («Altyn Asyr»)
90'+5 [12] Döwlet Döwletmyradow) («Merw»)
90'+9 [77] Selim Nurmyradow («Altyn Asyr»)
TV: «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy (Türkmenistan), «Futbol HD» teleýaýlymy (Täjigistan)
Geçirilen ýeri: «Aşgabat» köpugurly stadiony (Aşgabat ş., Türkmenistan), 8 950 tomaşaçy.
Başlanan wagty: 21:00
«Merw» futbol klubynyň düzümi:
[30] Merdan Saparow (d.) (k.)
[2] Şazada Bäşimow (90' [12] Döwlet Döwletmyradow)
[4] Ambýar Mahmudow
[6] Azat Orazmuhammedow
[8] Ýagşysähet Döwletgeldiýew 76' [21] Myrat Öwezmyradow)
[9] Maksat Atagarryýew
[10] Kemal Annamuhammedow
[13] Igor Sekow
[14] Daýanç Durdyýew (90' [19] Amangeldi Saparow)
[17] Musa Nurnazarow
[90] Murat Ýakşiýew (67' [77] Toýly Goçnazarow)
Ätiýaçdakylar
[1] Anton Maksimow (d.)
[16] Nurgeldi Astanow (d.)
[3] Şöhrat Owmadow
[5] Rejep Rejepow
[7] Rustam Matrizaýew
[11] Mukam Nazzyýew
[18] Babanyýaz Çaryýew
[20] Begenç Pälwanow
Baş tälimçi: Witaliý Alikperow
“Altyn Asyr” FK-nyň düzümi:
[1] Batyr Babaýew (d.)
[2] Zafar Babajanow
[6] Oraz Orazow (78' [19] Nurmyrat Rozyýew)
[7] Myrat Annaýew (90'+9 [4] Resul Mahmydow)
[8] Ahmet Ataýew (k.)
[10] Rahman Myratberdiýew
[12] Serdar Annaorazow
[22] Röwşen Halmämmedow (90'+6 [25] Resul Röwşenmyradow)
[24] Ruslan Täjiýew
[26] Wahyt Orazsähedow
[77] Selim Nurmyradow
Ätiýaçdakylar:
[16] Döwletmuhammet Jallatow (d.)
[23] Batyr Gaýlyýew (d.)
[9] Azat Annaýew
[11] Arslan Saparow
[18] Didar Didarow
[20] Söhbet Durdyýew
[21] Abdyrahman Annamyradow
[28] Ismail Kambarow
[29] Muhammetali Kişikow
Baş tälimçi: Ýazguly Hojageldiýew

Duşuşygyň emini: Hettikankanamge Crishantha Dilan Perera (Şri-Lanka)
Kömekçi eminler: Deniye Gedara Palitha, Parakkrama Hemathunga (ikisem Şri-Lanka)
Ätiýaçdaky emin: Feras Taweel (Siriýa)
Gözegçi emin: Mohsen Torki (Eýran Yslam Respublikasy)
Duşuşygyň komissary: Nisrein Mohammad Ali Alkhazaaleh (Iordaniýa)









Üçünji tapgyrdan soň «E» toparçadaky ýaryş tablisasy: 26.10.2023ý.

1. «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan) – 7 utuk
2. «ALTYN ASYR» (TÜRKMENISTAN) – 4
3. «MERW» (TÜRKMENISTAN) – 2
4. «Rawşan» (Täjigistan) – 2
Toparçada 4-nji tapgyryň duşuşyklary 9-njy noýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynda «Altyn Asyr» – «Merw» duşuşar. Şol gün Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» topary Täjigistanyň «Rawşan» toparyny öz meýdançasynda kabul eder.
4-nji tapgyr: 09.11.2023ý.
18:00 | «Abdyş-Ata» (Gyrgyz Respublikasy) – «Rawşan» (Täjigistan)
19:00 | «Altyn Asyr» (TÜRKMENISTAN) – «Merw» (TÜRKMENISTAN)
5-nji tapgyr: 30.11.2023ý.
17:00 | «Merw» (TÜRKMENISTAN) – «Rawşan» (Täjigistan)
21:00 | «Altyn Asyr» (TÜRKMENISTAN) – «Abdyş-Ata» (Gyrgyz Respublikasy)
6-njy tapgyr: 14.12.2023ý.
19:00 | «Rawşan» (Täjigistan) – «Altyn Asyr» (TÜRKMENISTAN)
20:00 | «Abdyş-Ata» (Gyrgyz Respublikasy) – «Merw» (TÜRKMENISTAN)
Bellik: Habarda «Türkmenistan: Altyn asyr» (www.turkmenistan.gov.tm) resmi internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatdan ulanylandyr.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


