www.jankoyer.com.tm
Şu gün dünýädäki ilkinji futbol klubynyň esaslandyrylan güni
24.10.2023ý.
Taryhdaky ilkinji futbol kluby mundan 166 ýyl ozal şu gün Angliýanyň demirgazyk sebitinde ýerleşýän Şeffild şäherinde esaslandyrylýar. Dünýädäki polat önümçiliginiň öňdebaryjy şäherleriniň biri hasaplanýan Şeffild şäheriniň kriket klubynda çykyş edýän Nataniel Kreswik bilen William Prest 1857-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda “Şeffild Futbol Klubyny” esaslandyryp (“Şeffild Wednezdeý”, “Şeffild Ýunaýted” däl), atlaryny taryha altyn harplar bilen ýazdyrýarlar. Olar täze klubyň daşyna jem bolanlar bilen bilelikde, futbolyň düzgünleriniň – 600 sahypadan ybarat bolan futbolyň ilkinji düzgünleriniň täze kitapçasyny döredýärler (elde ýazylýar). Bu el ýazgysy täze kitapça gysga wagtda ýurduň demirgazyk sebitine ýaýraýar. Bu kitapçada erkin urgy, burçdan urgy ýaly ýönekeý düzgünleri barada bellenilipdir.
Ýeri gelende bellesek, bu kitapça 2011-nji ýylyň 14-nji iýulynda klubyň başga-da taryhy zatlary bilen bilelikde auksionda satuwa çykarylýar (881 müň 25 funt sterlinge satylýar). Futbol 1878-nji ýyla çenli “The Football Association” (FA) esaslandyrylýança, ýagny şol elde ýazylan kitapçadaky düzgünlere görä oýnaldy.
Hiç bir wagt Angliýanyň iň ýokary ligasynda, hatda 2-3-4-nji ligalarynda-da çykyş edip görmedik “Şeffild FK” toparyna 2004-nji ýylda FIFA tarapyndan “Order of Merit” nyşany berilýär. Bu orden diňe 2 kluba berlip, beýlekisi “Real Madrid” toparydyr.
Häzirki wagtda “Northeren Premier League” höwesjeňler ligasynda çykyş edýän klub öz ýerli duşuşyklaryny Dronfild şäherçesindäki 2 müň 89 orunlyk kiçeňräk stadionda, ýöne 2 müň töweregi wepaly janköýerleriniň öňünde geçirýär.
Umumylykda habar-hatyr bolmadyk kluba degişli soňky täzelik hem ýene-de auksion habary bolup, klub şu tomusda şol düzgünleriň kitapçasynyň elde ýazylan 2-nji nusgasyny satyn almak isleýär. Ýöne satyn almak üçin 50 müň sterling gerek bolup, topar bary-ýogy 1 müň 912 sterling tapýar we netijede kitapça 56 müň 700 sterlinge başgalaryna satylýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


