DÇ - 2026. Ispaniýa bilen Portugaliýa 1/8 finalda duşuşar, Şweýsariýa indiki tapgyra ynamly çykdy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda nobatdaky üç duşuşyk tamamlandy. Ispaniýanyň, Portugaliýanyň we Şweýsariýanyň milli ýygyndylary ýeňiş gazanyp, 1/8 finala çykmagy başardy.

Günüň ilkinji duşuşygynda Ispaniýanyň milli ýygyndysy Awstriýanyň milli ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňdi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki "SoFi Stadium" stadionynda geçirilen duşuşyga şwesiýaly emin Glenn Nýuberg ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň 29-njy minutynda Mark Kukurelýanyň geçiren goly derwezebana edilen düzgün bozma sebäpli hasaba alynmady. Şeýle-de bolsa, 36-njy minutda Mikel Oýarsabal hasaby açdy. 66-njy minutda Pedro Porro hasaby 2:0-a çykardy. 89-njy minutda Oýarsabal ýene bir gezek tapawutlanyp, duşuşykda dubl etdi we Ispaniýa 3:0 hasabyndaky ynamly ýeňşi gazandy.

Şeýlelikde, Luis de la Fuenteniň ýolbaşçylygyndaky topar 1/8 finala çykdy.

Soňraky duşuşykda Portugaliýanyň milli ýygyndysy Horwatiýanyň milli ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Kanadanyň Toronto şäherindäki "BMO Field" stadionynda geçirilen oýna norwegiýaly emin Espen Eskos ýolbaşçylyk etdi.

53-nji minutda Iwan Perişiç Horwatiýany öňe çykardy. 68-nji minutda bolsa Kriştianu Ronaldu penalti urgusyndan hasaby deňledi. Bu gol 41 ýaşly hüjümçi üçin dünýä çempionatlarynyň pleý-off tapgyryndaky ilkinji gol boldy. Şeýle hem bu onuň professional karýerasyndaky 976-njy goly hökmünde hasaba alyndy.

Duşuşygyň esasy wagtynyň goşmaça minutlarynda, 90+4-nji minutda Gonsalu Ramuş Portugaliýanyň ýeňiş goluny geçirdi. Horwatlaryň goşmaça wagtda geçiren ýene bir goly "VAR" barlagyndan soň ofsaýd sebäpli hasaba alynmady. Emin duşuşygy 90+20-nji minutda tamamlady.

Bu duşuşykda ýene bir taryhy görkeziji hasaba alyndy. Kriştianu Ronaldu bilen Luka Modriç dünýä çempionatlarynyň taryhynda biri-birine garşy oýnan iň ýaşuly futbolçylar hökmünde rekord goýdy. Ronaldu duşuşyk güni 41 ýaş 148 günlük, Modriç bolsa 40 ýaş 292 günlükdi.

Şeýlelikde, Portugaliýa 1/8 finalda Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.

Oýun gününiň soňky duşuşygynda Şweýsariýanyň milli ýygyndysy Alžiri 2:0 hasabynda ýeňdi. Kanadanyň Wankuwer şäherindäki "BC Place" stadionynda geçirilen duşuşygy argentinaly emin Ýael Falkon Peres alyp bardy.

Şweýsariýa 10-njy minutda Bril Embolonyň goly bilen öňe saýlandy. Ikinji ýarymyň başynda, 46-njy minutda Dan Ndoý hasaby 2:0-a çykardy. Şondan soň hem şweýsariýalylar artykmaçlygyny gorap saklap, indiki tapgyra çykdy.

Bu ýeňiş bilen Şweýsariýa 1938-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dünýä çempionatynda ilkinji pleý-off tapgyryndan üstünlikli geçmegi başardy. Olar 1/8 finalda Kolumbiýa bilen Gananyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen duşuşar.

Türkmenistanyň wagty bilen eýýäm belli bolan 1/8 final duşuşyklarynyň senesi we başlanjak wagtlary:

4-nji iýul, 22:00 — Kanada – Marokko
5-nji iýul, 02:00 — Paragwaý – Fransiýa
6-njy iýul, 01:00 — Braziliýa – Norwegiýa
6-njy iýul, 05:00 — Meksika – Angliýa
7-nji iýul, 00:00 — Portugaliýa – Ispaniýa
7-nji iýul, 05:00 — ABŞ – Belgiýa

Soňky iki 1/8 finalyň jübüti bolsa Kolumbiýa – Gana, şeýle hem Argentina – Kabo-Werde we Müsür – Awstraliýa duşuşyklarynyň netijelerinden soň doly kesgitlener.