Mikel Oýarsabal şikeslerden we depressiýadan soň Ispaniýanyň esasy golçusyna öwrüldi
Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümindäki esasy güýçleriň biri bolan Mikel Oýarsabal futbol ýolunda köp kynçylyklary başdan geçirse-de, häzirki wagtda milli ýygyndynyň iň möhüm futbolçylarynyň biri hasaplanýar. Häzir ol baş tälimçi Luis de la Fuenteniň döwründe milli ýygyndynyň düzüminde iň köp gol geçiren futbolçydyr. Oýarsabalyň hasabynda 21 gol bar.
Şeýle-de ol Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň taryhyndaky iň gowy bombardirleriň sanawynda ýene bir basgançaga çykdy. Häzirki wagta çenli milli ýygyndynyň düzüminde 27 gol geçiren Oýarsabal Ferran Torresiň 24 golluk netijesini yzda galdyryp, iň köp gol geçiren futbolçylaryň ilkinji sekizligine girdi.
Oýarsabal tutuş futbol ýoluny «Real Sosýedad» toparynda diýen ýaly geçirdi. Ol 15 ýyl bäri şol toparyň düzüminde çykyş edýär. Bu döwrüň dowamynda Ýewropanyň birnäçe güýçli toparyndan gyzyklandyrmalar alsa-da, olaryň ählisinden ýüz öwürdi we öz toparyna wepaly galdy.
Munuň esasy sebäpleriniň biri onuň geljegi hakdaky aladasy boldy. Oýarsabal bary-ýogy 25 ýaşyndaka dolandyryş ugry boýunça ýokary bilim aldy. Sebäbi ol agyr şikesleriň futbol ýoluny islendik wagt tamamlap biljekdiginden howatyrlanýardy.
Bu gorky esassyz däldi. 2017-nji ýyldan bäri ispaniýaly futbolçy yzygiderli myşsa şikeslerinden ejir çekdi. Iň agyr pursat bolsa 2022-nji ýylda boldy. Şol wagt onuň dyzynyň haç şekilli baglary üzülip, ol bir ýyl töweregi meýdançalardan daşda galdy.
Bu şikes diňe bedenine däl, ruhy ýagdaýyna hem güýçli täsir etdi. Dikeldiş döwründe Oýarsabal depressiýa düşendigini boýun aldy. Ol hatda öňki tizligini doly dikeldip bilmeýändigi sebäpli «Real Sosýedaddan» gitmek hakynda hem çynlakaý pikir edipdir.
Soňky ýyllarda onuň futbol ýoluny üýtgeden esasy ädimleriň biri meýdançadaky ornunyň üýtgemegi boldy. Ozal çep ganatda çykyş eden Oýarsabal soňra hüjümçiniň ornuna geçirildi. Hut şol üýtgeşiklik onuň iň güýçli taraplaryny açyp görkezdi.
Täze orunda çykyş edip başlan badyna onuň gol geçirmek ukyby has-da artdy. Oýarsabal gatnaşan alty final duşuşygynyň ählisinde tapawutlanmagy başardy. Ol «Real Sosýedada» 2020-nji we 2026-njy ýyllarda iki gezek Ispaniýanyň Kubogyny gazanmaga kömek etdi.
Milli ýygyndy bilen hem üstünlikleri dowam etdi. Oýarsabal Ispaniýanyň düzüminde 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynda ýeňiş gazandy. Şeýle-de Milletler ligasynda iki gezek kümüş medala mynasyp boldy.
2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda hem Oýarsabal Ispaniýanyň hüjümindäki esasy umytlaryň biri hasaplanýar. Agyr şikeslerden, depressiýadan we kyn günlerden soň ol diňe bir öňki derejesine dolanman, eýsem milli ýygyndynyň iň ygtybarly golçularynyň birine öwrülmegi başardy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)



.gif)
.gif)
.gif)