DÇ - 2026. Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 1/16 finalyň nobatdaky üç duşuşygy tamamlandy. Angliýanyň, Belgiýanyň we ABŞ-nyň milli ýygyndylary ýeňiş gazanyp, 1/8 finala çykdy. Şeýlelikde, häzirki wagta çenli 1/8 finala çykan 10 topar doly belli boldy.

Ilkinji duşuşykda Angliýanyň milli ýygyndysy DR Kongony 2:1 hasabynda ýeňdi. ABŞ-nyň Atlanta şäherindäki "Mercedes-Benz Stadium" stadionynda geçirilen duşuşygyň 7-nji minutynda Braýan Sipenga afrikalylary öňe çykardy. Emma ikinji ýarymda Garri Keýn 75-nji we 86-njy minutlarda iki gol geçirip, Angliýa erkli ýeňiş getirdi.

Bu ýeňiş bilen Angliýa 1966-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň finalyndan bäri ilkinji gezek pleý-off duşuşygynda ilkinji goly geçirendigine garamazdan ýeňmegi başardy. Şeýle-de Garri Keýn häzirki dünýä çempionatynda gollarynyň sanyny bäşe ýetirdi. Ol häzirki bombardirler sanawynda Erling Holand bilen üçünji orny paýlaşýar. Keýn dünýä çempionatlarynda geçiren gollarynyň sanyny hem 13-e ýetirip, Žýust Fonten bilen deňleşdi.

Angliýa 1/8 finalda Meksika bilen duşuşar. Bu oýun 6-njy iýulda Türkmenistanyň wagty bilen sagat 05:00-da geçiriler.

Gijäniň ikinji duşuşygynda Belgiýanyň milli ýygyndysy Senegal bilen dramatik oýunda goşmaça wagtda 3:2 hasabynda ýeňiş gazandy. ABŞ-nyň Sietl şäherindäki "Lumen Field" stadionynda geçirilen duşuşygyň birinji ýarymynda Habib Diarra, ikinji ýarymynda bolsa Ismaila Sarr Senegaly 2:0 hasabynda öňe çykardy.

Duşuşygyň soňky minutlarynda Belgiýa täsin gaýdyp geliş görkezdi. 86-njy minutda Romelu Lukaku tapawutlandy, 89-njy minutda Ýuri Tilemans hasaby deňledi. Goşmaça wagtyň 120+5-nji minutynda Tilemans 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, toparyna 3:2 hasabyndaky ýeňşi getirdi.

Bu gol dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky iň giç geçirilen gol hökmünde hasaba alyndy. Tilemans 124-nji minutyň 43-nji sekundynda tapawutlanyp, öňki rekordy täzeledi.

Belgiýa 1/8 finalda ABŞ-nyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.

Soňky duşuşykda ABŞ-nyň milli ýygyndysy Bosniýa we Gersegowinany 2:0 hasabynda ýeňdi. Santa-Klara şäherindäki "Levi's Stadium" stadionynda geçirilen oýunda ilkinji goly 45-nji minutda Folarin Balogun geçirdi. Ol 64-nji minutda gyzyl kart alyp meýdançadan çykarylsa-da, bu ýagdaý ABŞ-nyň ýeňşine päsgel bermedi.
82-nji minutda Malik Tillman jerime urgusyndan ajaýyp gol geçirip, hasaby 2:0-a çykardy. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Balogun bilen Kristian Pulisiçiň geçiren iki goly ofsaýt sebäpli hasaba alynmady.

Bu ýeňiş bilen ABŞ hem 1/8 finala çykdy. Amerikalylar indiki tapgyrda Belgiýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Bu oýun 7-nji iýulda Türkmenistanyň wagty bilen sagat 05:00-da geçiriler.

Şeýlelikde, häzirki wagta çenli belli bolan 1/8 final jübütleri şulardan ybarat:

4-nji iýul, 22:00 — Kanada – Marokko
5-nji iýul, 02:00 — Paragwaý – Fransiýa
6-njy iýul, 01:00 — Braziliýa – Norwegiýa
6-njy iýul, 05:00 — Meksika – Angliýa
7-nji iýul, 05:00 — ABŞ – Belgiýa

Bombardirleriň sanawynda häzirki wagtda Lionel Messi bilen Kilian Mbappe alty gol bilen öňdeligi saklaýar. Olaryň yzyndan bäş gol bilen Erling Holand we Garri Keýn gelýär. Dört golly futbolçylaryň arasynda bolsa Winisius Žunior, Ismaila Sarr we Usman Dembele bar.

1/16 finalyň galan alty duşuşygynda Ispaniýa – Awstriýa, Portugaliýa – Horwatiýa, Şweýsariýa – Alžir, Argentina – Kabo-Werde, Kolumbiýa – Gana hem-de Awstraliýa – Müsür duşuşyklary geçiriler. Şol oýunlardan soň 1/8 finalyň ähli jübütleri doly belli bolar.