"Tottenhem" Sandro Tonalini rekord bahadan düzümine goşýar
Angliýanyň «Tottenhemi» italýan ýarymgoragçysy Sandro Tonalini düzümine goşmak barada «Nýukasl» bilen doly ylalaşyga geldi. Geçiriş üçin tölenjek pul möçberi 117 million ýewro bolar. Şeýlelikde, bu transfer «Tottenhemiň» taryhyndaky iň gymmat transfer hökmünde hasaba alnar.
Habarlara görä, 117 million ýewronyň 108 milliony esasy töleg hökmünde «Nýukasla» geçiriler. Galan 9 million ýewro bolsa baýrak tölegleri görnüşinde, esasan hem UEFA Çempionlar ligasyndaky netijelere baglylykda tölener.
Žurnalistler Fabrizio Romano we Dewid Ornşteýn transfer boýunça ähli taraplaryň ylalaşyga gelendigini habar berdiler. Şeýle hem Tonaliniň şahsy şertnamasynyň hem doly ylalaşylandygy aýdylýar.
26 ýaşly Sandro Tonali 2023-nji ýylyň tomsunda Italiýanyň «Milan» toparyndan «Nýukasla» geçipdi. Şeýle-de bolsa, ol 2023–2024-nji ýyllarda sport jedelleri bilen baglanyşykly düzgün bozmalary sebäpli 10 aý futboldan çetleşdirilipdi. Çetleşdirme möhleti tamamlanandan soň bolsa, ol ýene-de toparyň esasy oýunçylarynyň birine öwrüldi.
Soňky iki günüň dowamynda «Tottenhem» ýarymgoragçylara ägirt uly maýa goýdy. Toparyň ozal hem Mateuş Fernandeşiň transferi boýunça ylalaşyga gelendigi habar berildi. Portugaliýaly futbolçy üçin «West Hem» toparyna 99 million ýewro tölenjekdigi aýdylýar.

Şeýlelikde, Sandro Tonali bilen Mateuş Fernandeşiň transferleri amala aşsa, «Tottenhem» bary-ýogy iki günde iki ýarymgoragçy üçin 200 million ýewrodan hem köp çykdajy eder. Bu bolsa toparyň soňky ýyllardaky iň uly transfer maýa goýumlarynyň biri bolar.
Geçen möwsüm «Tottenhem» Angliýanyň Premýer-ligasynda şowsuz çykyş edip, 17-nji orny eýeledi. Şol sebäpli topar täze möwsümiň öňüsyrasynda düzümini düýpli güýçlendirmäge girişdi.
Sandro Tonaliniň transferi resmi taýdan tassyk edilse, ol «Tottenhemiň» taryhyndaky iň gymmat futbolçy bolar. Şeýle hem bu transfer şu tomusky transfer möwsüminiň iň sesli geleşikleriniň biri hasaplanýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


