DÇ - 2026. Angliýa – DR Kongony ýeňip, 1/8 finala çykdy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň nobatdaky duşuşygy tamamlandy. Onda Angliýanyň milli ýygyndysy DR Kongonyň milli ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňip, 1/8 finala çykdy.

ABŞ-nyň Atlanta şäherindäki "Mercedes-Benz Stadium" stadionynda geçirilen duşuşyga iordaniýaly emin Adham Mahadme ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşyk garaşylmadyk ýagdaýda başlandy. DR Kongonyň ýarymgoragçysy Braýan Sipenga 7-nji minutda ýakyn burça geçiren takyk urgusy bilen toparyny öňe çykardy.

Angliýa ilkinji ýarymda hasaby deňläp bilmedi. Ikinji ýarymda bolsa Tomas Tuheliň şägirtleri basyşyny artdyrdy. Duşuşygyň 75-nji minutynda Garri Keýn kellesi bilen geçirilen gol arkaly hasaby deňledi. Angliýanyň ýeňiş goly 86-njy minutda geldi. Garri Keýn duşuşykdaky ikinji goluny geçirip, toparyna 2:1 hasabyndaky erkli ýeňşi sowgat etdi.

Bu ýeňiş bilen Angliýa 1966-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň finalyndan bäri ilkinji gezek dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyrynda ilkinji goly geçirdendigine garamazdan ýeňiş gazandy. Şol ýyl iňlisler finalda Germaniýany 4:2 hasabynda ýeňipdi.

Bu ýeňişden soň Angliýanyň milli ýygyndysy 1/8 finala çykdy. Olar indiki tapgyrda Meksikanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Duşuşyk 6-njy iýulda Meksikanyň "Azteka" stadionynda geçiriler. Meksika ozal Ekwadory 2:0 hasabynda ýeňip, indiki tapgyra çykypdy. DR Kongonyň milli ýygyndysy bolsa dünýä çempionatyndaky çykyşyny tamamlady.

Garri Keýn bu duşuşykdaky dubly bilen häzirki dünýä çempionatynda geçiren gollarynyň sanyny bäşe ýetirdi. Şeýlelikde, ol bombardirleriň sanawynda Norwegiýanyň hüjümçisi Erling Holand bilen üçünji orny paýlaşýar. Sanawyň başynda alty gol bilen Lionel Messi we Kilian Mbappe ýerleşýär.

Şeýle-de Keýn resmi duşuşyklaryň soňky altysynyň bäşisinde tapawutlanmagy başardy. Ol möwsümiň ahyrynda «Bawariýanyň» düzüminde «Kölne» hem-de «Ştutgarta» garşy duşuşyklarda het-trik etdi. Dünýä çempionatynda bolsa Horwatiýa garşy iki, Panama we DR Kongo garşy bir gol geçirdi. Diňe Gana bilen geçirilen duşuşykda (0:0) tapawutlanyp bilmedi.

Bu duşuşykdaky iki gol bilen Keýn dünýä çempionatlarynda geçiren gollarynyň sanyny 13-e ýetirdi. Şeýlelikde, ol Braziliýanyň rowaýata öwrülen futbolçysy Peleniň 12 golluk görkezijisini yzda galdyrdy hem-de Fransiýanyň öňki hüjümçisi Žýust Fonten bilen deňleşdi. Fonten 13 golunyň ählisini 1958-nji ýyldaky dünýä çempionatynda geçiripdi.

Türkmenistanyň wagty bilen eýýäm belli bolan 1/8 final duşuşyklarynyň senesi we başlanjak wagtlary:

4-nji iýul, 22:00 — Kanada – Marokko
5-nji iýul, 02:00 — Paragwaý – Fransiýa
6-njy iýul, 01:00 — Braziliýa – Norwegiýa
6-njy iýul, 05:00 — Meksika – Angliýa