DÇ - 2026. Fransiýa, Meksika we Norwegiýa 1/8 finala çykdy
Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda ýene üç duşuşyk tamamlandy. Fransiýanyň, Meksikanyň we Norwegiýanyň milli ýygyndylary ýeňiş gazanyp, ýaryşyň 1/8 finalyna çykdy.
Ilkinji tamamlanan duşuşykda Norwegiýanyň milli ýygyndysy Kot-d’Iwuaryň milli ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi. ABŞ-nyň Arlington şäherindäki "AT&T" stadionynda geçirilen oýunda Antonio Nusa 39-njy minutda Norwegiýany öňe çykardy. 74-nji minutda Amad Diallo hasaby deňledi. Emma 86-njy minutda Erling Holand ýeňiş goluny geçirip, toparyny indiki tapgyra çykardy.
Bu ýeňiş Norwegiýanyň dünýä çempionatynyň taryhynda pleý-off tapgyryndaky ilkinji ýeňşi boldy. Şeýle-de Holand milli ýygyndy üçin 60-njy goluny geçirip, bu görkeziji boýunça Kilian Mbappe bilen deňleşdi. Mundan başga-da, ol XXI asyrda dünýä çempionatynyň ilkinji üç duşuşygynda bäş ýa-da ondan köp gol geçiren üçünji futbolçy boldy. Ondan öň muny diňe Miroslaw Kloze bilen Garri Keýn başarypdy. Norwegiýa 1/8 finalda Braziliýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.
Soňraky duşuşykda Fransiýanyň milli ýygyndysy Şwesiýanyň milli ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňdi. ABŞ-nyň Ist-Raterford şäherindäki "MetLife" stadionynda geçirilen duşuşyga gollandiýaly emin Dani Makkeli ýolbaşçylyk etdi.
Fransiýanyň düzüminde Kilian Mbappe 45-nji we 74-nji minutlarda iki gezek tapawutlandy. Beýleki goly bolsa 53-nji minutda Bredli Barkola geçirdi.
Mbappe bu duşuşykdan soň dünýä çempionatyndaky gollarynyň sanyny 6-a çykardy we bombardirleriň sanawynda Lionel Messi bilen deňleşdi. Şeýle-de onuň dünýä çempionatlaryndaky gollarynyň sany 18-e ýetdi. Fransiýa bu dünýä çempionatyndaky dört duşuşygynda hem azyndan üç gol geçirmegi başardy. Olar 1/8 finalda Paragwaýyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.

Oýun gününiň soňky duşuşygynda Meksikanyň milli ýygyndysy öz meýdançasynda Ekwadoryň milli ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Meksikodaky "Azteka" stadionynda geçirilen duşuşygy sloweniýaly emin Slawko Winçiç dolandyrdy.
22-nji minutda Hulian Kiniones hasaby açdy. Dokuz minutdan soň Raul Himenes Meksikanyň ikinji goluny geçirdi. Şeýlelikde, Meksika 40 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyrynda ýeňiş gazandy. Ekwador bolsa 90+5-nji minutda Piero Inkapýeniň gyzyl kart almagy bilen duşuşygy on oýunçy bilen tamamlady.
Bu ýeňişden soň Meksika 1/8 finala çykdy. Olar indiki tapgyrda Angliýanyň milli ýygyndysy bilen DR Kongonyň milli ýygyndysynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen duşuşar.

Şeýlelikde, häzirki wagta çenli 1/8 finalyň aşakdaky jübütleri belli boldy:
Kanada – Marokko;
Braziliýa – Norwegiýa;
Paragwaý – Fransiýa.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


