DÇ - 2026. 1/16 finalyň nobatdaky üç duşuşygy geçiriler
Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda pleý-off tapgyry dowam edýär. 30-njy iýun we 1-nji iýula geçilýän gije (Türkmenistanyň wagty bilen) 1/16 finalyň ýene üç duşuşygy geçiriler.
Günüň ilkinji duşuşygynda Kot-d’Iwuaryň milli ýygyndysy bilen Norwegiýanyň milli ýygyndysy özara güýç synanyşar. Duşuşyk 30-njy iýun agşam sagat 22:00-da başlanar. Bu duşuşygyň ýeňijisi 1/8 finalda Braziliýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.
Soňraky duşuşyk 1-nji iýula geçilýän gije sagat 02:00-da geçiriler. Onda Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen Şwesiýanyň milli ýygyndysy 1/8 finala çykmak ugrunda göreşer. Bu duşuşygyň ýeňijisi 1/8 finalda Paragwaýyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.
Oýun gününiň soňky duşuşygy bolsa sagat 06:00-da başlanar. Onda Meksikanyň milli ýygyndysy bilen Ekwadoryň milli ýygyndysy duşuşar. Bu duşuşygyň ýeňijisi 1/8 finalda Angliýanyň milli ýygyndysy bilen DR Kongonyň milli ýygyndysynyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen güýç synanyşar.
.png)
Şeýlelikde, 30-njy iýun we 1-nji iýula geçilýän gijäniň dowamynda dünýä çempionatynyň ýene üç 1/16 final duşuşygy geçirilip, 1/8 finala çykjak nobatdaky ýygyndylar belli bolar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


