"Mançester Siti" Enso Mareskany baş tälimçi edip belledi
Angliýanyň «Mançester Siti» topary italiýaly hünärmen Enso Mareskany resmi taýdan baş tälimçi wezipesine belledi. Toparyň resmi saýtynda berlen habara görä, 46 ýaşly tälimçi bilen 2029-njy ýylyň tomsuna çenli möhlet bilen şertnama baglaşyldy.
Enso Mareska bu wezipede on ýyl töweregi topara ýolbaşçylyk eden Hosep Gwardiolanyň ornuny tutdy. Gwardiola 2025/2026-njy ýyl möwsüminiň tamamlanmagyndan soň wezipesinden gitjekdigini mälim edipdi. Onuň «Mançester Siti» bilen şertnamasy 2027-nji ýyla çenli dowam edýän hem bolsa, ispaniýaly hünärmen topar bilen hoşlaşmak kararyna geldi.
Mareska üçin bu topar nätanyş däl. Ol 2022–2023-nji ýyllarda Hosep Gwardiolanyň tälimçiler toparynda kömekçi bolup işledi. Mundan öň hem «Mançester Sitiniň» ýaşlar düzümlerinde tälimçilik edipdi. Şol tejribe onuň häzirki wezipä bellenmeginde möhüm orun eýeledi.
Italiýaly hünärmeniň soňky iş ýeri «Çelsi» boldy. Ol Londonyň toparyna 2024-nji ýylda ýolbaşçy boldy, emma 2026-njy ýylyň ýanwarynda topar bilen hoşlaşdy. Ondan öň bolsa «Lesterde» baş tälimçi bolup işläp, topary 2023/2024-nji ýyl möwsüminde ýene-de Angliýanyň Premýer-ligasyna çykarmagy başardy. Şeýle-de ol «Parma», «Aston Willa» we «Sewilýa» toparlarynda hem tälimçilik tejribesini toplady.
«Çelsi» bilen şertnamasynyň möhletinden öň tamamlanandygy sebäpli, Londonyň topary öwezini doluş tölegini alar. Žurnalist Fabrizio Romanonyň berýän maglumatyna görä, «Mançester Siti» «Çelsä» 17 million funt sterling möçberinde öwezini doluş puluny tölär. Taraplar bu barada öňünden gizlin ylalaşyk gazanypdy.
Mareska täze wezipesi barada şeýle diýdi:
"«Mançester Sita» gaýdyp gelýändigime örän begenýärin. Bu topar dünýäniň iň güýçli toparlarynyň biridir. Şeýle topar bilen işlemek meniň üçin uly hormat we jogapkärçilik."
Soňky möwsümde «Mançester Siti» Angliýanyň Premýer-ligasynda ikinji orny eýeläpdi. Täze baş tälimçiniň esasy wezipesi topary ýene-de içerki we halkara ýaryşlarynda çempionlyk ugrunda göreşýän derejä çykarmak bolar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


