Ýuto Nagatomo Aziýanyň futbol taryhynda täze rekord goýdy
Ýaponiýanyň tejribeli goragçysy Ýuto Nagatomo futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň taryhynda täze sepgide ýetdi. 39 ýaşly futbolçy bäşinji gezek dünýä çempionatynda meýdança çykyp, şeýle üstünlik gazanan ilkinji aziýaly futbolçy boldy.
Nagatomo şu wagta çenli dünýä çempionatlarynda 16 duşuşyga gatnaşdy. Şeýlelikde, ol Aziýa futbolçylarynyň arasynda dünýä çempionatlarynda iň köp duşuşyk geçiren oýunçy hökmünde hem rekordyň eýesi boldy.
Tejribeli goragçy ýakyn wagtda Ýaponiýanyň milli ýygyndysyndaky ýene bir taryhy görkezijini hem täzeläp biler. Häzir onuň milli ýygyndy üçin geçiren duşuşyklarynyň sany 146-a deň. Ýurduň rekordy bolsa 152 duşuşyk bilen Ýasuhito Endonyň adyna ýazylýar. Nagatomo milli ýygyndyda ýene birnäçe duşuşyk geçirse, bu rekordy hem öz adyna geçirip biler.
Ol 2021-nji ýyldan bäri özüni futbola tanadan «Tokio» toparynda çykyş edýär. Geçen möwsüm onuň üçin aňsat bolmady. Şikes sebäpli iki aý meýdançadan uzakda galan Nagatomo ähli ýaryşlarda bary-ýogy sekiz duşuşyga gatnaşdy.
Muňa garamazdan, Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçiler düzümi ony 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna çagyrdy. Baş tälimçi Nagatomonyň ýaşyna garamazdan henizem ýokary fiziki taýýarlyga eýedigini we topar üçin örän möhüm şahsyýetdigini belledi.
Nagatomo milli ýygyndyda diňe bir meýdançadaky oýny bilen däl, eýsem geýim çalşylýan otagdaky täsiri bilen hem tapawutlanýar. Ol ýaş futbolçylara tejribesini paýlaşýar, toparyň agzybirligini saklamaga kömek edýär. Futbolçynyň özi bu wezipesini degişme bilen "howany arassalaýjy" diýip atlandyrýar. Onuň pikiriçe, esasy borçlarynyň biri toparyň içinde oňyn ruhy döretmek we kyn pursatlarda hyzmatdaşlaryna goldaw bermekdir.
Bäş dünýä çempionatyna gatnaşmak, 16 duşuşyk geçirmek we milli ýygyndyda 146 oýun bilen Ýuto Nagatomo diňe bir Ýaponiýanyň däl, eýsem tutuş Aziýanyň futbol taryhynda iň görnükli goragçylaryň biri hökmünde adyny ýazdyrmagy başardy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


