Futbol sanlarda: Keýn, Messi, Winisius we Modriç täze rekordlary eýelediler

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry diňe bir gyzykly duşuşyklar bilen däl, eýsem birnäçe taryhy rekord bilen hem ýatda galdy. Dünýä futbolynyň birnäçe ýyldyzy täze üstünlikleri gazanyp, çempionatyň taryhyna adyny ýazdyrdy.

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Garri Keýn Panama bilen geçirilen duşuşykda geçiren goly bilen dünýä çempionatlarynda milli ýygyndy üçin geçiren gollarynyň sanyny 11-e ýetirdi. Şeýlelikde, ol Gari Linekeri yzda galdyryp, Angliýanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatlaryndaky iň köp gol geçiren futbolçysy boldy.

Şol bir wagtda tejribeli ýarymgoragçy Jordan Henderson Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dört dünýä çempionatyna gatnaşan ilkinji futbolçy hökmünde taryha girdi.

Germaniýanyň milli ýygyndysy bolsa goragda şowsuz tapgyryny dowam etdirýär. Topar 2014-nji ýylda Argentinany ýeňip, dünýä çempiony bolan final duşuşygyndan bäri dünýä çempionatlarynda bir gezek hem derwezesi goralmady. Derwezeçi Manuel Noýer bolsa yzly-yzyna dokuz duşuşykda gol geçirdip, Germaniýanyň milli ýygyndysynyň soňky 72 ýyldaky iň uzyn şowsuz tapgyrynyň eýesi boldy.

Horwatiýanyň kapitany Luka Modriç hem täze rekord goýdy. Ol 40 ýaş 291 günlük wagtynda asist edip, dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň uly ýaşda asist eden futbolçy boldy.

Kot-d'Iwuaryň ýaş futbolçysy Ýan Diomande hem öz adyny rekordlar sanawyna ýazdyrdy. Ol XXI asyrda dünýä çempionatynyň ilkinji üç duşuşygynda 10-dan köp üstünlikli aldaw hereketini ýerine ýetirip, şol bir wagtda 10-dan köp gol mümkinçiligini döreden ilkinji futbolçy boldy.

Gaitiniň milli ýygyndysy hem 52 ýyldan soň taryhy üstünlik gazandy. Ýygyndy 1974-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dünýä çempionatynda gol geçirmegi başardy.

Urugwaýyň derwezeçisi Fernando Muslera bolsa ters rekord bilen taryha girdi. Ol yzly-yzyna dördünji duşuşykda gol bilen tamamlanan ýalňyşlyk goýberdi. Şeýle hem 1966-njy ýyldan bäri statistika alnyp barylýan döwürde bir dünýä çempionatynda üç gol ýalňyşlygyny goýberen ilkinji derwezeçi boldy.

Belgiýanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Tibo Kurtua dünýä çempionatlarynda milli ýygyndy üçin geçiren duşuşyklarynyň sanyny 18-e ýetirip, bu görkeziji boýunça ýurduň täze rekordyny goýdy.

Braziliýanyň ýyldyzy Winisius Žunior toparçalaýyn tapgyrdaky üç duşuşygyň hemmesinde gol geçirip, 2002-nji ýyldaky Ronaldo bilen Riwaldodan bäri bu üstünligi gaýtalan ilkinji braziliýaly futbolçy boldy. Mundan başga-da, ol toparçalaýyn tapgyrda yzly-yzyna üç duşuşykda iň gowy futbolçy (MVP) baýragyny alyp, Lionel Messiniň rekordyny gaýtalady.

Argentinanyň kapitany Lionel Messi hem nobatdaky taryhy üstünligi gazandy. Ol dünýä çempionatlarynda yzly-yzyna ýedi duşuşykda gol geçirýän ilkinji futbolçy boldy.

Toparçalaýyn tapgyryň jemleri 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň diňe bir güýçli bäsdeşlik bilen däl, eýsem dünýä futbolynyň taryhyna giren täze rekordlar bilen hem ýatda galjakdygyny görkezdi.