DÇ - 2026. Toparçalaýyn tapgyr tamamlandy
Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry tamamlandy. 27-nji iýundan 28-nji iýuna geçilýän gije (Türkmenistanyň wagty bilen) geçirilen üçünji tapgyryň duşuşyklaryndan soň "J", "K" we "L" toparçalaryndaky jemleýji ýagdaý hem belli boldy.
"L" toparçada Angliýanyň milli ýygyndysy Panamany 2:0 hasabynda ýeňdi. Ikinji ýarymda Jud Bellingem 62-nji minutda hasaby açdy, Garri Keýn bolsa bäş minutdan soň ikinji goly geçirdi. Şeýlelikde, Angliýa ýedi utuk bilen toparçada birinji orny eýeläp, göni 1/16 finala çykdy.
Şol bir wagtda geçirilen beýleki duşuşykda Horwatiýanyň milli ýygyndysy Ganany 2:1 hasabynda ýeňdi. Horwatlardan Petar Suçiç 31-nji minutda, Nikola Wlaşiç bolsa 83-nji minutda tapawutlandy. Gananyň ýeke-täk goluny 73-nji minutda Derrik Lýukkassen geçirdi. Horwatiýa alty utuk bilen toparçada ikinji orny eýeledi. Gana dört utuk bilen üçünji orunda galdy we iň gowy üçünji orunlary eýelän ýygyndylaryň hatarynda 1/16 finala çykmagy başardy. Panama bolsa üç duşuşygyň hemmesinde ýeňlip, ýaryş bilen hoşlaşdy.

"K" toparçada Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen Kolumbiýanyň milli ýygyndysy 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Kolumbiýanyň 90+1-nji minutda geçiren goly ofsaýt sebäpli hasaba alynmady. Netijede, Kolumbiýa ýedi utuk bilen toparçada birinji, Portugaliýa bäş utuk bilen ikinji orny eýeläp, göni pleý-off tapgyryna çykdy.
Toparçanyň beýleki duşuşygynda Kongo Demokratik Respublikasynyň milli ýygyndysy Özbegistany 3:1 hasabynda ýeňdi. Özbegistanyň düzüminde Eldor Şomurodow 10-njy minutda hasaby açsa-da, Ýoan Wissa iki gezek, Fiston Maýele bolsa bir gezek tapawutlanyp, afrikaly ýygynda ýeňiş getirdi. Kongo Demokratik Respublikasy dört utuk bilen üçünji orny eýeläp, iň gowy üçünji orunlaryň biri hökmünde 1/16 finala çykdy. Özbegistan bolsa utuk gazanyp bilmän, ýaryşy tamamlady.

"J" toparçada dünýäniň häzirki çempiony Argentinanyň milli ýygyndysy Iordaniýany 3:1 hasabynda ýeňdi. Jiowani Lo Çelso 19-njy minutda hasaby açdy, Lautaro Martines 31-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan ikinji goly geçirdi. Iordaniýadan Musa Al-Tamari 55-nji minutda tapawudy azaltdy. Duşuşygyň soňlarynda Lionel Messi Argentinanyň üçünji goluny geçirip, ýeňşi berkitdi. Argentina dokuz utuk bilen toparçada birinji orny eýeledi, Iordaniýa bolsa utuk gazanyp bilmän, ýaryşdan çykdy.
Alžiriň milli ýygyndysy bilen Awstriýanyň milli ýygyndysynyň arasyndaky duşuşyk 3:3 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Alžirden Rafik Belgali we Riýad Marez (2), Awstriýadan bolsa Marko Arnautowiç, Marsel Zabitser hem-de Saşa Kalaýjiç tapawutlandy. Awstriýa dört utuk bilen toparçada ikinji orny eýeläp, göni 1/16 finala çykdy. Alžir hem dört utuk toplap, iň gowy üçünji orunlaryň biri hökmünde pleý-off tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bu duşuşyklardan soň futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry doly tamamlandy. Şeýlelikde, ähli 12 toparçadaky jemleýji ýagdaý belli bolup, 1/16 finala çykan 32 ýygyndynyň ählisi kesgitlenildi.

1/16 finalyň jübütleri hem doly belli boldy. Onda:
Germaniýa – Paragwaý,
Fransiýa – Şwesiýa,
Günorta Afrika Respublikasy – Kanada,
Gollandiýa – Marokko,
Portugaliýa – Horwatiýa,
Ispaniýa – Awstriýa,
ABŞ – Bosniýa we Gersegowina,
Belgiýa – Senegal,
Braziliýa – Ýaponiýa,
Kot-d'Iwuar – Norwegiýa,
Meksika – Ekwador,
Angliýa – Kongo Demokratik Respublikasy,
Argentina – Kabo-Werde,
Awstraliýa – Müsür,
Şweýsariýa – Alžir,
Kolumbiýa – Gana.

Pleý-off tapgyrynyň ilkinji oýny Günorta Afrika Respublikasy bilen Kanadanyň arasynda geçiriler. Bu duşuşyk 29-njy oýuna geçilýän gije sagat 00:00-da başlanar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


