DÇ - 2026. "G", "H" we "I" toparçalarynyň netijelerinden soň pleý-offa çykanlar belli boldy

Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň üçünji duşuşyklary 27-nji iýuna geçilýän gije (Türkmenistanyň wagty bilen) "G", "H" we "I" toparçalarda tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijesinde toparçalaryň jemleýji sanawy kesgitlenip, ýene birnäçe ýygyndy 1/16 finala çykmagy başardy.

Günüň ilkinji duşuşyklary "I" toparçada geçirildi. Fransiýanyň milli ýygyndysy Norwegiýany 4:1 hasabynda ýeňdi. Usman Dembele 7-nji, 20-nji we 32-nji minutlarda het-trik etdi. Norwegiýanyň ýeke-täk goluny 21-nji minutda Telo Osgor geçirdi. 90+4-nji minutda Dezire Due hasaby jemledi. Şeýle hem Norwegiýanyň düzüminde Ýergen Strann Larsen 50-nji minutda penalti urgusyndan peýdalanyp bilmedi.

Şol bir wagtda Senegalyň milli ýygyndysy Yragy 5:0 hasabynda ýeňdi. Gollary Habib Diarra (4), Ismaila Sarr (56), Pap Geýe (59, 71) we Iliman Ndiýaýe (82) geçirdi. Yragyň goragçysy Rebin Sulaka 13-nji minutda gyzyl kart aldy.

Netijede, Fransiýa 9 utuk bilen toparçada birinji orny eýeledi, Norwegiýa 6 utuk bilen ikinji boldy. Senegal 3 utuk bilen üçünji, Yrak bolsa utuk gazanyp bilmän iň soňky orunda galdy.

"H" toparçada Ispaniýanyň milli ýygyndysy Urugwaýy 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 42-nji minutda Aleks Baena geçirdi. Urugwaýyň oýunçysy Agustin Kanobbio 90+4-nji minutda gyzyl kart aldy.

Beýleki duşuşykda Kabo-Werde bilen Saud Arabystanyň milli ýygyndylary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Şeýlelikde, Ispaniýa 7 utuk bilen toparçanyň ýeňijisi boldy. Kabo-Werde 3 utuk bilen ikinji orny eýeläp, 1/16 finala çykdy. Urugwaý we Saud Arabystan bolsa hersi 2 utuk bilen ýaryşy tamamlady.

"G" toparçada Belgiýanyň milli ýygyndysy Täze Zelandiýany 5:1 hasabynda ýeňdi. Leandro Trossard iki gezek (28, 50) tapawutlandy. Şeýle-de Kewin De Bruýne (66), Romelu Lukaku (86) we Aleksis Salemakers (90+4) gollary geçirdiler. Täze Zelandiýanyň ýeke-täk goluny 84-nji minutda Elaýja Jast geçirdi.

Müsür bilen Eýranyň arasyndaky duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Müsüriň goluny 5-nji minutda Mahmud Saber geçirdi. Eýran 14-nji minutda Ramin Rezaýanyň goly bilen hasaby deňledi. Mehdi Taremi duşuşygyň başynda penalti urgusyndan peýdalanyp bilmedi. Oýnuň ahyrynda Şoja Halilzadäniň geçiren goly ofsaýd sebäpli hasaba alynmady.

Toparçanyň jemleýji ýagdaýynda Belgiýa bilen Müsür hersi 5 utuk toplady. Gol tapawudy boýunça Belgiýa birinji, Müsür bolsa ikinji orny eýeledi. Eýran 3 utuk bilen üçünji, Täze Zelandiýa bolsa 1 utuk bilen soňky orunda galdy.

Şeýlelikde, Fransiýa, Norwegiýa, Ispaniýa, Kabo-Werde, Belgiýa we Müsür göni 1/16 finala çykdy. Şeýle hem Eýran iň gowy üçünji orunlaryň biri hökmünde pleý-off tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Şeýle hem şu wagta çenli 1/16 finalyň birnäçe jübüdi belli boldy. Olar Günorta Afrika Respublikasy – Kanada, Gollandiýa – Marokko, Ýaponiýa – Braziliýa, ABŞ – Bosniýa we Gersegowina, Germaniýa – Paragwaý, Fransiýa – Şwesiýa, Awstraliýa – Müsür, Kot-d'Iwuar – Norwegiýa hem-de Argentina – Kabo-Werde duşuşyklaryndan ybaratdyr.

Toparçalaýyn tapgyr 27-nji iýundan 28-nji iýuna geçilýän gijäniň duşuşyklaryndan soň tamamlanar. Galan toparçalardaky duşuşyklaryň netijelerinden soň 1/16 finalyň ähli jübütleri doly kesgitlener.