DÇ - 2026. "D", "E" we " F" toparçalarynyň netijelerinden soň pleý-offa çykanlar belli boldy

Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň üçünji duşuşyklary 26-njy iýunda we 27-nji iýuna geçilýän gije (Türkmenistanyň wagty bilen) "D", "E" we "F" toparçalarda tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijesinde ýene birnäçe ýygyndy 1/16 finala çykmagy başardy.

"E" toparçanyň merkezi duşuşygynda Ekwadoryň milli ýygyndysy Germaniýanyň milli ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň 2-nji minutynda Leroý Sane nemesleri öňe çykarsa-da, 9-njy minutda Nilson Angulo hasaby deňledi. 77-nji minutda Gonsalo Plata Ekwadora ýeňiş getiren goly geçirdi.

Şol bir wagtda geçirilen beýleki duşuşykda Kot-d'Iwuaryň milli ýygyndysy Kýurasaony 2:0 hasabynda ýeňdi. Afrikaly toparyň iki goluny hem Nikola Pepe 7-nji we 64-nji minutlarda geçirdi.

Toparçanyň jemleýji ýagdaýynda Germaniýa bilen Kot-d'Iwuar 6 utuk toplap, göni 1/16 finala çykdy. Ekwador bolsa 4 utuk bilen üçünji orny eýeläp, iň gowy üçünji orunlaryň biri hökmünde pleý-offa gatnaşmaga hukuk gazandy. Kýurasao bolsa 1 utuk bilen ýaryşy tamamlady.

"F" toparçada Gollandiýanyň milli ýygyndysy Tunisi 3:1 hasabynda ýeňdi. Tunisiň goragçysy Elliýes Skiri 3-nji minutda öz derwezesine gol geçirdi. Soňra Braýan Brobbi tapawutlandy. Tunis 54-nji minutda Hazem Masturiniň goly bilen hasaby azaltmagy başarsa-da, 62-nji minutda Ýan Paul wan Hekke Gollandiýanyň üçünji goluny geçirdi.

Ýaponiýanyň milli ýygyndysy bilen Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň arasyndaky duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. 56-njy minutda Daýzen Maeda ýaponlary öňe çykardy, emma 62-nji minutda Entoni Elanga hasaby deňledi.

Netijede, Gollandiýa 7 utuk bilen toparçada birinji orny eýeläp, göni pleý-offa çykdy. Ýaponiýa 5 utuk bilen ikinji boldy. Şwesiýa 4 utuk bilen üçünji orny eýeläp, iň gowy üçünji orunlaryň biri hökmünde 1/16 finala çykdy. Tunis bolsa utuk gazanyp bilmedi.

"D" toparçada Türkiýäniň milli ýygyndysy ABŞ-nyň milli ýygyndysyny 3:2 hasabynda ýeňdi. ABŞ duşuşygyň 3-nji minutynda öňe saýlandy. Emma Arda Güler 10-njy minutda hasaby deňledi, 31-nji minutda Orkun Kökçü Türkiýäni öňe çykardy. Ikinji ýarymda ABŞ ýene hasaby deňledi, ýöne 90+8-nji minutda Kaan Aýhan ýeňiş goluny geçirdi.

Paragwaý bilen Awstraliýanyň arasyndaky duşuşyk bolsa 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Toparçanyň jemleýji ýagdaýynda ABŞ 6 utuk bilen birinji orny eýeledi. Awstraliýa 4 utuk bilen ikinji orundan göni 1/16 finala çykdy. Paragwaý hem 4 utuk toplap, iň gowy üçünji orunlaryň biri hökmünde pleý-offa gatnaşmaga hukuk gazandy. Türkiýe bolsa 3 utuk bilen soňky orny eýeläp, ýaryş bilen hoşlaşdy.

Şeýlelikde, "D", "E" we "F" toparçalarynyň duşuşyklaryndan soň Germaniýa, Kot-d'Iwuar, Gollandiýa, Ýaponiýa, ABŞ we Awstraliýa göni 1/16 finala çykdy. Ekwador, Şwesiýa hem-de Paragwaý bolsa iň gowy üçünji orunlaryň biri hökmünde pleý-offdaky orunlaryny üpjün etdiler.

Şeýle hem häzirki wagta çenli 1/16 finalyň belli bolan jübütleri Günorta Afrika Respublikasy – Kanada, Gollandiýa – Marokko, Ýaponiýa – Braziliýa we ABŞ – Bosniýa we Gersegowina boldy.