Türkmenistanyň Kubogynda ýarym finala çykan toparlar belli boldy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda geçirilýän futbol boýunça 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Kubogynda çärýek final tapgyrynyň jogap duşuşyklary 24-nji iýunda geçirildi. Duşuşyklaryň netijesinde ýarym finalda çykyş etjek dört topar kesgitlenildi.

Mary şäherindäki "Merw" stadionynda geçirilen duşuşykda «Arkadag» topary myhmançylykda hem «Merwi» uly hasap bilen ýeňdi. Ilkinji duşuşykda 7:0 hasabynda üstün çykan «Arkadag» bu gezek hem garşydaşyna mümkinçilik bermedi we 5:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Duşuşykdaky gollary 17-nji minutda Begenç Akmämmedow, 21-nji minutda Didar Durdyýew, 38-nji minutda Daýanç Meredow, 56-njy minutda Baýram Ataýew hem-de 62-nji minutda Diýargylyç Urazow geçirdi. Şeýlelikde, iki duşuşygyň jemi boýunça 12:0 hasabynda ýeňen «Arkadag» ynamly ýagdaýda ýarym finala çykdy.

Aşgabat şäherindäki "Köpetdag sport toplumy" stadionynda geçirilen duşuşykda «Köpetdag» bilen «Şagadam» 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Duşuşykda «Köpetdagyň» gollaryny 22-nji minutda Emir Berdiýew we 77-nji minutda Musaguly Zorjykow geçirdi. «Şagadamyň» düzüminde bolsa 43-nji minutda Guwanç Waliýew hem-de 61-nji minutda Resul Mahmydow tapawutlandy.

Ilkinji duşuşykda 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan «Köpetdag» iki oýnuň jemi boýunça 3:2 hasabynda üstün çykyp, ýarym finala çykmagy başardy.

Balkanabat şäherindäki "Sport toplumy" stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahal» topary «Nebitçini» 5:2 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň 3-nji we 11-nji minutlarynda Süleýman Mirzoýew iki gezek tapawutlandy. 40-njy we 69-njy minutlarda Magtymberdi Berenow gol geçirip, dubl etdi. 58-nji minutda Ýakupmuhammet Gowşudow hem «Ahalyň» hasabyna gol ýazdyrdy.

«Nebitçiniň» düzüminde 48-nji minutda Seýitmämmet Hojamämmedow we 89-njy minutda Hydyr Agöýliýew tapawutlandy.

Ilkinji duşuşykda 4:2 hasabynda ýeňiş gazanan «Ahal» iki duşuşygyň jemi boýunça 9:4 hasabynda garşydaşyndan üstün çykyp, ýarym finala çykdy.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky "Sport toplumy" stadionynda geçirilen jogap duşuşygynda «Altyn Asyr» topary «Aşgabady» 3:0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, ilkinji duşuşykdaky 6:1 hasabyndaky ýeňiş bilen birlikde, «Altyn Asyr» iki oýnuň jemi boýunça 9:1 hasabynda ynamly üstün çykyp, ýarym finala adyny ýazdyrdy.

Ýarym final tapgyrynda «Arkadag» bilen «Altyn Asyr», «Ahal» bilen bolsa «Köpetdag» toparlary özara duşuşar. Bu tapgyryň ýeňijileri Türkmenistanyň Kubogy-2026-nyň finalynda kubok ugrunda göreşerler.