Fransiýanyň baş tälimçisi Didýe Deşamyň ejesi aradan çykdy

Futbol boýunça Fransiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Didýe Deşamyň maşgalasynda agyr ýitgi boldy. Fransiýanyň Futbol federasiýasy (FFF) hünärmeniň ejesiniň 23-nji iýunda aradan çykandygyny habar berdi. Şol sebäpli Deşam ABŞ-da geçirilýän 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyndaky milli ýygyndynyň düşelgesinden wagtlaýyn çykyp, watanyna dolanýar.

Fransiýanyň Futbol federasiýasynyň maglumatyna görä, 57 ýaşly hünärmen ýakynlarynyň ýanynda bolup, ejesiniň jaýlanyş dabarasyna gatnaşmak üçin Fransiýa gaýdýar. Federasiýanyň prezidenti Filip Diallo bilen geçirilen maslahatdan soň, Deşam milli ýygyndynyň ýolbaşçylygyny wagtlaýyn öz kömekçisi Gi Stefana ynandy.

Federasiýanyň ýaýradan beýanatynda şeýle diýilýär:

"ABŞ-daky dünýä çempionatynda Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düşelgesinde bolýan Fransiýanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Filip Diallo bilen ylalaşylyp, Didýe Deşam öz gaýdyp gelýänçä milli ýygyndynyň ýolbaşçylygyny kömekçisi Gi Stefana tabşyrdy. Bu örän agyr pursatda biz baş tälimçä we onuň maşgalasyna sabyr we güýç arzuw edýäris hem-de federasiýanyň ähli işgärleriniň goldawynyň olaryň ýanyndadygyny beýan edýäris".

Şeýlelikde, Didýe Deşam dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyryndaky soňky duşuşykda, ýagny 26-njy iýunda Norwegiýanyň milli ýygyndysyna garşy geçiriljek oýunda tälimçiler oturgyjynda bolmaz. Şol duşuşykda topara Gi Stefan ýolbaşçylyk eder.

Habarlarda bellenilişi ýaly, Fransiýanyň milli ýygyndysyndaky futbolçylar we tälimçiler topary hem bu ýitgiden uly gynanç çekýär. Toparyň içinde agyr ruhy ýagdaýyň emele gelendigi aýdylýar.

Didýe Deşam 2012-nji ýyldan bäri Fransiýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk edýär. Onuň döwründe Fransiýanyň milli ýygyndysy 2018-nji ýylda dünýä çempiony boldy, 2022-nji ýylda bolsa finala çenli baryp ýetdi.

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda Fransiýanyň milli ýygyndysy üstünlikli çykyş edýär. Birinji tapgyrda Senegal toparyny 3:1 hasabynda ýeňen fransuzlar, ikinji duşuşykda Yragyň milli ýygyndysyndan hem 3:0 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, alty utuk toplan topar möhletinden öň pleý-off tapgyryna çykmagy üpjün etdi.

Soňky tapgyrda Fransiýanyň milli ýygyndysy Norwegiýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Iki topar hem eýýäm pleý-offa çykmagy üpjün edensoň, bu duşuşyk toparçada birinji orny eýelejek ýygyndyny kesgitläp biler.

Didýe Deşamyň Fransiýa gaýdyp, jaýlanyş dabaralaryndan soň milli ýygyndynyň ýanyna dolanmagyna garaşylýar. Şeýle-de Fransiýanyň Futbol federasiýasy tälimçiniň maşgalasyna doly goldaw berýändigini aýratyn nygtady.