DÇ - 2026. "K" we "L" toparçalaryň 2-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler
Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyr dowam edýär. 23-nji iýunda we 24-nji iýuna geçilýän gije (Türkmenistanyň wagty bilen) ýaryşyň ikinji tapgyrynda "K" we "L" toparçalarda dört gyzykly duşuşyk geçiriler.
Günüň ilkinji duşuşygy "K" toparçada bolar. Onda Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen Özbegistanyň milli ýygyndysy 23-nji iýunda sagat 22:00-da özara güýç synanyşar.
24-nji iýuna geçilýän gijäniň ilkinji oýny "L" toparçada geçiriler. Bu duşuşykda Angliýanyň milli ýygyndysy bilen Gananyň milli ýygyndysy sagat 01:00-da meýdança çykar.
Soňra şol "L" toparçanyň beýleki duşuşygy bolar. Onda Horwatiýanyň milli ýygyndysy bilen Panamanyň milli ýygyndysy sagat 04:00-da duşuşar.
Günüň soňky duşuşygy bolsa "K" toparçada geçiriler. Onda Kongo Demokratik Respublikasynyň milli ýygyndysy bilen Kolumbiýanyň milli ýygyndysy 24-nji iýunda sagat 07:00-da özara güýç synanyşar.
Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry 27-nji iýuna çenli dowam edýär. Her ýygyndy toparçada üç duşuşyk geçirýär. Her toparçadan ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar, şeýle-de üçünji orny eýelänleriň arasyndan iň gowy sekiz topar pleý-off tapgyryna çykýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


