Kannawaro Özbegistanyň milli ýygyndysyna garaşylmadyk ýagdaýda geldi
Italiýanyň meşhur futbolçysy we 2006-njy ýylyň dünýä çempiony Fabio Kannawaro tälimçilik karýerasynda futbolçylyk ýyllaryndaky ýaly uly üstünlikleri gazanyp bilmedi. Ol Hytaýda üç ýyl işläninden soň, üç ýyldan gowrak wagtlap hiç bir topary türgenleşdirmedi. Soňra Italiýanyň «Udineze» toparyna ýolbaşçylyk etdi, emma bu tejribe üstünlikli bolmady. Ondan soň Horwatiýanyň «Dinamo» toparyna geçdi, ýöne ol ýerde hem bary-ýogy 14 duşuşykda topary dolandyryp, möwsüm tamamlanmanka wezipesinden aýryldy.
Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Luçano Spallettiniň wezipesinden gitmeginden soň, Kannawaro öz ýurdunyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etmegi arzuw edipdi. Emma Italiýanyň futbol federasiýasy bu wezipä Jennaro Gattuzony saýlady.
Şondan soň Kannawarony Russiýanyň «SSKA» topary we Hytaýyň milli ýygyndysy hem öz düzümine çekmäge synanyşdy. Şeýle-de bolsa, italiýaly hünärmen garaşylmadyk karara gelip, Özbegistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bolmaga razy boldy.
Şol wagt Özbegistanyň milli ýygyndysy eýýäm taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanypdy. Ýygyndynyň üstünlikli çykyşyna ýolbaşçylyk eden Timur Kapadzeniň yzysüre täze tälimçiniň gözlegine başlanandygy aýdylýar. Özbegistanyň futbol ýolbaşçylary täze tälimçi bilen gepleşikleri Kapadzeden hem, toparyň futbolçylaryndan hem gizlin ýagdaýda geçiripdirler.
Ilki bilen birnäçe meşhur tälimçi bilen gepleşik geçirilse-de, olaryň köpüsi teklibi kabul etmedi. Netijede, saýlaw Fabio Kannawaroda saklandy. Soňra Timur Kapadze italiýaly hünärmeniň tälimçiler toparynda kömekçi hökmünde galdyryldy. Emma bir aý geçmänkä, Kannawaro özüne ynam bildirýän başga bir hünärmeni ýanynda görmek isleýändigini mälim etdi. Maglumatlara görä, Kapadze hem wezipesinden çekilmäge garşy bolmandyr.
Maglumatlara görä, Özbegistanyň Futbol assosiasiýasy Fabio Kannawarony dünýä çempionatyna gatnaşýan milli ýygyndylaryň tälimçileriniň arasynda iň ýokary zähmet hakyny alýanlaryň biri etdi. Italiýaly hünärmeniň aýlygy dünýä çempionatyndaky tälimçileriň arasynda bäşinji orunda durýar.
23-nji iýunda dünýä çempionatynyň "K" toparçasynyň ikinji tapgyrynda Özbegistanyň milli ýygyndysy Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Duşuşyk Türkmenistanyň wagty bilen sagat 22:00-da başlanar.
Birinji tapgyrda Fabio Kannawaronyň ýolbaşçylygyndaky Özbegistanyň milli ýygyndysy Kolumbiýanyň milli ýygyndysyndan 1:3 hasabynda ýeňlipdi. Şol duşuşykdan soň özbek futbolçylary utuk gazanyp bilmändiler we "K" toparçada soňky dördünji orunda ýerleşýärler. Portugaliýa bilen boljak duşuşyk bolsa olaryň pleý-off umytlaryny dowam etdirmek üçin örän möhüm synaglaryň biri bolar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


