Hulian Alwares transfer islegini açyk mälim etdi, "Atletiko" bolsa "Barselona" üçin gapylary ýapdy
Argentinanyň milli ýygyndysynyň we «Atletiko» toparynyň hüjümçisi Hulian Alwares tomusky transfer döwründe toparyny üýtgetmek isleýändigini açyk aýtdy. 26 ýaşly futbolçy özüniň geljegi üçin iň dogry çözgüdiň täze topara geçmekdigini belleýär.
Alwares bu barada beren beýanatynda klubdaky degişli adamlar bilen gepleşendigini aýdyp, özüniň arzuwyny amala aşyrmak isleýändigini nygtady.
– Arzuwymy amala aşyrmak isleýärin. Gerek bolan adamlar bilen gürleşdim. Geljegim üçin iň gowy çözgüt transfer bolar – diýip, ol aýtdy.
Soňky möwsümde Hulian Alwares «Atletiko» toparynyň düzüminde ähli ýaryşlarda 52 duşuşyga gatnaşyp, 20 gol geçirdi we 10 asist berdi. "Transfermarkt" portaly onuň bazar bahasyny 100 million ýewro diýip kesgitleýär. Futbolçynyň madridliler bilen şertnamasy 2030-njy ýylyň tomsuna çenli dowam edýär.
Häzirki wagtda Alwares Argentinanyň milli ýygyndysy bilen birlikde 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda çykyş edýär. Argentinalylar eýýäm pleý-off tapgyryna çykmagy üpjün etdiler. Topar indiki duşuşygyny 28-nji iýunda Iordaniýanyň milli ýygyndysyna garşy geçirer.
Soňky aýlarda Alwares bilen «Barselona», «Real», «Arsenal» we başga-da birnäçe Ýewropa toparlarynyň gyzyklanýandygy barada habarlar çykdy. Käbir maglumatlara görä, argentinaly futbolçy kluba basyş etmek maksady bilen transfer islegini köpçüligiň öňünde yglan edipdir.
Şeýle-de birnäçe çeşmäniň maglumatyna görä, birnäçe aý ozal «Atletiko» bilen Alwaresiň arasynda dilden ylalaşyk bolup, eger «Barselona» 90-100 million ýewro teklip etse, futbolçynyň goýberiljekdigi aýdylýar. Hut şonuň üçinem Alwares ýolbaşçylardan şol ylalaşyga hormat goýmagy haýyş edipdir.
Emma madridliler bu ýagdaýdan soň örän berk pozisiýa eýelediler. «Atletiko» toparynyň ýolbaşçylary Hulian Alwaresiň «Barselona» geçmegine düýbünden garşy çykdylar.
Toparyň ýolbaşçylary hatda kataloniýaly toparyň futbolçy bilen rugsatsyz gepleşik geçirendigini öňe sürüp, FIFA şikaýat etmek mümkinçiligini hem öwrenýärler. «Atletiko» tarapyndan berlen beýanatda:
– Geçmişde «Barselona» nähili işleýändigini görüpdik. Olar Antuan Grizmannyň maşgalasyna komissiýa wada beripdiler. Huliany satyn almak üçin ýeterlik pul ýok. Ol «Barselona» satylmaz. Diňe 500 million ýewro möçberindäki şertnamany bozmak tölegi tölenilse, başga gürrüň bolup biler – diýildi.
Mundan başga-da, madridliler "Negreira işi" bilen baglylykda «Barselona» toparyny tankytlap, özleriniň üstünden gülünmegine ýol bermejekdiklerini aýtdylar.
Şeýle-de bolsa, «Atletiko» Alwaresi başga ugra goýbermäge taýýar ýaly görünýär. "COPE" neşiriniň maglumatyna görä, madridliler «Arsenal» bilen mümkin bolan geleşige has oňyn garaýarlar. Şol şertnama boýunça «Atletiko» 40-60 million ýewro bilen birlikde şwesiýaly hüjümçi Wiktor Dýokereşi hem almak isleýär.
Madriddäki topar üçin esasy mesele «Barselona» bilen şertnama baglaşmak däl, eýsem öz bähbitlerini goramak bolup durýar. Hatda klubyň ýolbaşçylary Hulian Alwaresi toparda saklap, oňa oýun bermän goýmagy hem, özleriniň peýdasyna däl hasaplaýan şertnama gol çekmekden has gowy wariant hasaplaýarlar.
Şol bir wagtyň özünde «Barselona» başga mümkinçilikleri hem öwrenýär. "Caught Offside" neşiriniň ýazmagyna görä, kataloniýalylar esasy maksatlary bolan Hulian Alwaresi alyp bilmese, «Mançester Ýunaýtediň» slaweniýaly hüjümçisi Benýamin Şeşkony alternatiw wariantlaryň sanawyna goşupdyrlar.

Emma "gyzyl şeýtanlar" 23 ýaşly futbolçyny satmak islemeýärler. Baş tälimçi Maýkl Kerrik Şeşkony toparyň uzak möhletleýin taslamasynyň esasy bölekleriniň biri hasaplaýar. Geçen möwsümde ol 32 duşuşykda 12 gol geçirip, bir asist berdi. Onuň hem şertnamasy 2030-njy ýyla çenli niýetlenendir, bazar bahasy bolsa 75 million ýewro hökmünde görkezilýär.
Şeýlelikde, Hulian Alwaresiň geljegi tomusky transfer bazarynyň iň gyzgalaňly temalarynyň birine öwrüldi. Futbolçynyň özi täze başdan başlamagy isleýär, emma «Atletiko» onuň esasanam «Barselona» geçmegine ýol bermek islemeýär. Häzirlikçe ýagdaý çylşyrymlylygyna galýar, emma argentinaly ýyldyzyň geljegi boýunça soňky söz entek aýdylanok.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


