Eloý Rumyň rekordly çykyşy Kýurasaonyň taryhy utugyny getirdi
Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynda Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Eloý Rum esasy gahrymanlaryň birine öwrüldi. 37 ýaşly tejribeli derwezeçi Ekwadoryň milli ýygyndysyna garşy geçirilen duşuşykda rekord goýup, toparyna dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky ilkinji utugyny gazanmaga kömek etdi.
ABŞ-nyň Kanzas-Siti şäherindäki "Errouhed" stadionynda geçirilen duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy. Ekwadoryň futbolçylary oýnuň dowamynda köp sanly howply pursatlary döretdiler. Sebastýan Bekkaseseniň şägirtleri ýokary netijeli hüjüm görkezijisini gazansalar-da, olaryň hiç biri derwezä girmedi. Munuň esasy sebäbi bolsa Eloý Rumyň ajaýyp çykyşy boldy.
Tejribeli derwezeçi duşuşykda 15 halas ediş hereketini amala aşyrdy. Şeýlelikde, ol dünýä çempionatlarynyň taryhynda goşmaça wagt hasaba alynmazdan bir oýunda iň köp halas eden derwezeçi boldy. Bu görkeziji täze rekord hökmünde hasaba alyndy. Şeýle hem, ol duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýen ada mynasyp görüldi.
Kýurasao üçin bu deňlik aýratyn ähmiýetli boldy. Topar öz taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatynda utuk gazandy. Şeýle hem, topar heniz pleý-off tapgyryna çykmak mümkinçiligini ýitirmedi.
Eloý Rum üçin köp halas etmek täzelik däl. Ol 2019-njy ýylda KONKAKAF-yň Altyn kubogynda Gondurasyň milli ýygyndysyna garşy geçirilen duşuşykda hem 15 halas ediş hereketini amala aşyrypdy. Şol ýaryşda Kýurasao ilkinji gezek çärýek finala çykypdy.
Rum milli ýygyndynyň düzüminde 72 duşuşyk geçirip, olaryň 28-sinde derwezesini goldan gorady. Bu bolsa 39 göterimlik täsirli görkeziji bolup durýar.
Derwezeçi Gollandiýada dünýä indi we «Wites» toparynyň futbol mekdebinde terbiýelendi. Ol bu toparyň düzüminde 12 ýyla golaý çykyş edip, ýurduň Kubogyny gazandy hem-de Ýewropa ligasynda ilkinji duşuşygyny geçirdi. Soňra «PSW-niň» düzümine goşulyp, topar bilen Gollandiýanyň çempiony boldy. Häzirki wagtda bolsa ABŞ-nyň ikinji ligasynda çykyş edýän «Maýami» toparynda oýnaýar.
Eloý Rumyň Lionel Messi bilen baglanyşykly ýatdan çykmajak pursaty hem bolupdy. 2023-nji ýylda Argentinanyň milli ýygyndysy Kýurasaony 7:0 hasabynda ýeňdi. Şol duşuşykda Lionel Messi het-trik edip, bir asist beripdi. Oýundan soň iki futbolçy köýnekçelerini çalşypdy.
Eloý Rum soň bu barada şeýle gürrüň beripdi:
– Men köýnekçämiň Messa gerek bolmaz öýtdüm. Ýöne ol ilkinji bolup köýnekçe çalşmagy teklip etdi. Men ony het-trigi bilen gutladym. Ol bolsa birnäçe halas ediş hereketimi öwdi. Şeýle sözleri dünýäniň iň beýik futbolçylarynyň birinden eşitmek örän ýakymly boldy.
Ekwadoryň milli ýygyndysyna garşy görkezilen ajaýyp oýundan soň Rumyň jemgyýetçilik torlaryndaky meşhurlygy hem düýpli artdy. Duşuşyk başlamazyndan öň onuň hasabynda 96 müň yzarlaýjy bar bolsa, oýundan birnäçe sagat soň bu görkeziji 903 müňe ýetdi.
Şeýlelikde, 37 ýaşly Eloý Rum diňe bir dünýä çempionatynyň täze rekordyny goýman, eýsem Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň taryhynda täze sahypany açan futbolçylaryň birine öwrüldi. Häzirlikçe toparyň pleý-off tapgyryna çykmak umydy dowam edýär we bu göreşde olaryň iň uly daýanjy ýene-de tejribeli derwezeçi Eloý Rum bolup görünýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


