Premýer-liganyň 2026/27 möwsüminiň senenamasy mälim edildi
Angliýanyň Premýer-ligasy 2026/27 möwsüminiň resmi senenamasyny yglan etdi. Täze möwsüm 21-nji awgustda badalga alar. Möwsümiň ilkinji duşuşygynda «Arsenal» topary öz meýdançasynda Premýer-liganyň täze wekilleriniň biri bolan «Kowentri Siti» toparyny kabul eder.
Birinji tapgyryň galan duşuşyklary 22–24-nji awgust aralygynda geçiriler. Şenbe güni «Hall Siti» bilen «Mançester Ýunaýted», «Ewerton» bilen «Kristal Pelas», «Ipswiç Taun» bilen «Sanderlend», «Nottingem Forest» bilen «Lids Ýunaýted», şeýle-de «Brentford» bilen «Tottenhem» toparlary özara güýç synanyşar.
Ýekşenbe güni «Braýton» – «Aston Willa», «Mançester Siti» – «Bornmut» hem-de «Nýukasl Ýunaýted» – «Liwerpul» duşuşyklary geçiriler. Birinji tapgyr 24-nji awgustda «Fulhem» bilen «Çelsiniň» arasyndaky London derbisi bilen tamamlanar.

Şol bir wagtyň özünde "Opta" platformasynyň superkompýuteri täze möwsümiň ilkinji bäş tapgyryny seljerdi. Hasaplamalara görä, iň kyn başlangyç «Bornmut» toparyna garaşýar. Marko Rozeniň tälim berýän topary ilkinji bäş duşuşygynda myhmançylykda «Mançester Siti» we «Nýukasl Ýunaýted» bilen, öz meýdançasynda bolsa «Ewerton», «Brentford» hem-de «Liwerpul» bilen duşuşar. Garşydaşlaryň ortaça derejesi 93,3 bal bolup, bu görkeziji ähli toparlaryň arasynda iň ýokary diýlip hasaplandy.
Iň ýeňil başlangyç bolsa «Mançester Ýunaýede» degişli boldy. Maýkl Karrigiň şägirtleri ilkinji bäş tapgyrda myhmançylykda «Hall Siti», «Ewerton» we «Fulhem» bilen duşuşar. Öz meýdançasynda bolsa «Ipswiç Tauny» hem-de «Mançester Sitini» kabul eder. Bu bäş garşydaşyň ortaça derejesi 89,3 bal hökmünde kesgitlenildi.

Şeýlelikde, Angliýanyň Premýer-ligasynda 2026/27 möwsüminiň ilkinji tapgyrlaryndan başlap gyzykly we dartgynly göreşlere garaşylýar. Täze möwsüm 21-nji awgustda başlanar, çempionatyň soňky tapgyry bolsa 2027-nji ýylyň maý aýynda geçiriler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


