Neýmar Gaiti bilen oýunda Braziliýa kömek edip bilmez
Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Neýmar 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Gaitiniň milli ýygyndysyna garşy meýdança çykmaz. Bu barada Braziliýanyň futbol konfederasiýasyna salgylanyp, žurnalist Raisa Simplisio habar berdi.
20-nji iýunda geçiriljek duşuşykdan öň Braziliýanyň tälimçiler topary ýyldyz futbolçynyň saglyk ýagdaýyny töwekgelçilige salmazlyk kararyna geldi. Şonuň üçin Neýmar topar bilen Filadelfiýa gitmez we ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynda galyp, bejergi we dikeldiş işlerini dowam etdirer.
«Santosyň» ganat hüjümçisi dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda injik myşsasynyň şikesini aldy. Şol sebäpli ol toparçalaýyn tapgyryň ilkinji duşuşygynda Marokkonyň milli ýygyndysyna garşy oýny hem sypdyrdy. Karlo Ançelottiniň şägirtleri şol duşuşykda ýeňiş gazanyp bilmän, 1:1 hasabyndaky deňlik bilen çäklendi.
Neýmar dünýä çempionatynyň gutarnykly sanawyna şikesli ýagdaýynda-da girizilipdi. Soňky günlerde onuň dikeldişiniň garaşylyşyndan haýal geçýändigi barada maglumatlar peýda bolupdy. Hatda käbir çeşmeler onuň toparçalaýyn tapgyrdaky ähli duşuşyklary sypdyryp biljekdigini hem öňe sürüpdi.
Şeýle-de bolsa, 18-nji iýunda Neýmar ilkinji gezek toparyň umumy türgenleşigine gatnaşdy. Bu onuň Demirgazyk Amerika gelenden bäri topar bilen geçiren ilkinji doly türgenleşigi boldy. Şol ýagdaý futbolçynyň ikinji tapgyrdaky duşuşykda meýdança çykyp biljekdigi baradaky umytlary artdyrsa-da, Braziliýanyň futbol konfederasiýasy onuň Gaiti bilen oýna gatnaşmajakdygyny resmi taýdan mälim etdi.

Maglumatlara görä, braziliýaly hüjümçiniň dikeldişiniň soňky tapgyryny doly tamamlamagy we onuň ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, ol Nýu-Jerside galar. Şeýlelikde, tälimçiler onuň ýagdaýyny üçünji tapgyrdaky Şotlandiýanyň milli ýygyndysyna garşy duşuşyga çenli doly kadalaşdyrmaga synanyşarlar.
Braziliýanyň milli ýygyndysy Gaiti bilen duşuşygy 20-nji iýunda geçirer. Garşylaşyk Türkmenistanyň wagty bilen sagat 05:30-da başlanar.
2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň "C" toparçasynda çykyş edýän "pentakampeonlar" ilkinji duşuşykda Marokko bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Toparçadaky soňky duşuşykda bolsa Karlo Ançelottiniň şägirtleri 25-nji iýunda Şotlandiýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.
Neýmar häzirki wagtda dünýä çempionatynda heniz bir minut hem oýnamady. Şeýle-de bolsa, Braziliýanyň tälimçiler topary tejribeli hüjümçiniň toparçalaýyn tapgyryň soňky duşuşygynda ýa-da pleý-off tapgyrynda topara peýda getirip biljekdigine ynanýar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


