DÇ - 2026. Meksika möhletinden öň pleý-off tapgyryna çykdy

Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynda 18-nji iýunda we 19-njy iýuna geçilýän gije (Türkmenistanyň wagty bilen) "A" we "B" toparçalarda 2-nji tapgyryň dört duşuşygy geçirildi.

"A" toparçadaky ilkinji duşuşykda Çehiýanyň milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Respublikasynyň milli ýygyndysy ABŞ-nyň Atlanta şäherindäki "Mersedes-Benz Stediumda" duşuşdy. Amerikaly zenan emin Tori Penso tarapyndan dolandyrylan oýun 1:1 hasabynda tamamlandy.

Çehler eýýäm 6-njy minutda öňe saýlandylar. Mihal Sadilek hasaby açdy. Duşuşygyň 83-nji minudynda çehleriň derwezesine bellenen penalti urgusyndan soň Teboho Mokoena hasaby deňledi. Şeýlelikde, iki ýygyndy hem ýaryşdaky ilkinji utugyny gazandy.

19-njy iýuna geçilýän gijäniň ilkinji oýnunda "B" toparçada Şweýsariýanyň milli ýygyndysy bilen Bosniýa we Gersegowinanyň milli ýygyndysy ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki "Sou-Faý" stadionynda duşuşdy. Portugaliýaly Žoau Pedru Pinýeýrunyň ýolbaşçylygyndaky eminler toparynyň hyzmat eden oýnunda şweýsariýalylar 4:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy.

Duşuşykda ilkinji gol diňe 74-nji minutda Ýohan Manzambi tarapyndan geçirildi. 80-nji minutda bosniýaly Tarik Muharemowiç gyzyl duýduryş alyp, meýdançadan çykaryldy. Şeýle artykmaçlykdan peýdalanan Şweýsariýa Ruben Wargasyň, ýene Manzambiniň hem-de Granit Jakanyň gollary bilen hasaby 4:0-a çenli ýetirdi. Bosniýalylaryň ýeke-täk goluny bolsa goşmaça wagtda Ermin Mahmiç geçirdi.

Soňra şol toparçanyň beýleki duşuşygynda Kanadanyň milli ýygyndysy öz meýdançasynda Kataryň milli ýygyndysyny kabul etdi. Wankuwer şäherindäki "Bi-Si Pleýs" stadionynda geçirilen oýunda ýer eýeleri garşydaşyny 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi.

Kanadalylar 16-njy minutda Kaýl Lariniň goly bilen öňe çykdylar. Jonatan Dewid duşuşykda het-trik edip, üç gezek tapawutlandy. Şeýle-de Natan-Dilan Saliba bir gol geçirdi. Katarly futbolçy Mohammed Al-Mannaý bolsa topy öz derwezesine girizdi. Kataryň düzüminden Homam Al-Amin bilen Assim Madibo gyzyl duýduryş alyp, toparyny dokuz oýunçy bilen galdyrdylar.

Günüň soňky duşuşygy ýene-de "A" toparçada geçirildi. Meksikanyň milli ýygyndysy bilen Günorta Koreýanyň milli ýygyndysy Meksikanyň Sapopan şäherindäki "Akron" stadionynda duşuşdy. Urugwaýly emin Gustawo Teheranyň ýolbaşçylygyndaky duşuşykda ýer eýeleri 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Duşuşygyň ýeke-täk goly 50-nji minutda geçirildi. Günorta Koreýanyň derwezeçisiniň goýberen gödek ýalňyşyndan soň, Luis Romo topy derwezä girizip, Meksikanyň milli ýygyndysyna möhüm ýeňiş getirdi.

Şeýlelikde, iki tapgyrdan soň "A" toparçada Meksikanyň milli ýygyndysy alty utuk bilen möhletinden öň pleý-off tapgyryna çykmagy üpjün etdi we toparçada birinji orny eýeledi. Günorta Koreýa üç utuk bilen ikinji, Çehiýa bilen Günorta Afrika Respublikasy bolsa bir utukdan toplap, soňky tapgyra çykdy.

"B" toparçada bolsa Şweýsariýanyň milli ýygyndysy dört utuk bilen birinji orna çykdy. Kanadanyň milli ýygyndysy hem dört utuk toplap, gol tapawudy boýunça ikinji orunda ýerleşdi. Bosniýa we Gersegowinanyň milli ýygyndysy bir utuk bilen üçünji, Kataryň milli ýygyndysy bolsa bir utuk bilen soňky orunda galdy.