DÇ - 2026. 2-nji tapgyr badalga alýar: "A" we "B" toparçalarda dört duşuşyk geçiriler
Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyr dowam edýär. 18-nji iýunda we 19-njy iýuna geçilýän gije (Türkmenistanyň wagty bilen) ýaryşyň 2-nji tapgyryna badalga berler. Bu gezek "A" we "B" toparçalarda dört gyzykly duşuşyk geçiriler.
Günüň ilkinji duşuşygy "A" toparçada bolar. Onda Çehiýanyň milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Respublikasynyň milli ýygyndysy 18-nji iýunda sagat 21:00-da özara güýç synanyşar. Iki ýygyndy hem ilkinji tapgyrda ýeňlişe sezewar bolupdy, şonuň üçin bu duşuşyk olar üçin aýratyn ähmiýete eýe bolar.
19-njy iýuna geçilýän gijäniň ilkinji oýny "B" toparçada geçiriler. Bu duşuşykda Şweýsariýanyň milli ýygyndysy bilen Bosniýa we Gersegowinanyň milli ýygyndysy sagat 00:00-da meýdança çykar. Iki topar hem birinji tapgyrda deňme-deň oýnap, bir utukdan gazanypdy.
Soňra şol toparçanyň beýleki duşuşygynda Kanadanyň milli ýygyndysy bilen Kataryň milli ýygyndysy garşylaşar. Duşuşyk sagat 03:00-da başlanar. Bu toparçada ilkinji tapgyrdan soň ähli dört ýygyndy hem bir utukdan toplap, deň ýagdaýda barýar.
Günüň soňky oýny bolsa ýene-de "A" toparçada geçiriler. Onda Meksikanyň milli ýygyndysy bilen Günorta Koreýanyň milli ýygyndysy duşuşar. Garşylaşygyň başlanjak wagty sagat 06:00. Iki ýygyndy hem birinji tapgyrda ýeňiş gazanyp, üç utuk toplandy. Şonuň üçin bu duşuşyk toparçada birinji orny eýelemek ugrunda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry 27-nji iýuna çenli dowam eder. Her ýygyndy toparçada üç duşuşyk geçirer. Her toparçadan ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar, şeýle-de üçünji orny eýelänleriň arasyndan iň gowy sekiz topar pleý-off tapgyryna çykar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


