"Liwerpul" Wiktor Munýosy transfer etdi

Angliýanyň «Liwerpul» topary Ispaniýanyň «Osasuna» toparynda çykyş eden 22 ýaşly ganat hüjümçisi Wiktor Munýosy öz düzümine goşdy. Bu barada žurnalist Fabrizio Romano habar berdi.

Maglumata görä, «Nýukasl Ýunaýted» birnäçe gün bäri futbolçynyň transferi ugrunda iş alyp barsa-da, «Liwerpul» soňky pursatda gepleşiklere goşulyp, oýunçyny öz tarapyna çekmegi başardy. Mersisaýd topary futbolçy bilen şertnamanyň ähli şertleri boýunça dilden ylalaşdy we onuň şertnamasyndaky 40 million ýewrolyk satyn alyş şertini işjeňleşdirdi.

Wiktor Munýos ABŞ-da, dünýä çempionaty üçin Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düşelgesinde lukmançylyk barlagyndan üstünlikli geçdi. Ol «Liwerpul» bilen 2032-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenen uzak möhletli şertnama baglaşar.

Bu transferden «Osasuna» doly 40 million ýewro almaz. Sebäbi futbolçynyň hukuklarynyň 50 göterimi «Realyň» ygtyýarynda galýardy. Şonuň üçin transfer töleginiň 20 million ýewrosy «Osasuna» degişlidir, galan 20 million ýewro bolsa Madridiň «Real» toparyna geçiriler.

Şeýle hem Fabrizio Romanonyň bellemegine görä, «Real» ozal «Nýukasl» bilen Munýosyň mümkin bolan transferinde belli bir şertler boýunça ylalaşyk gazanypdy. Emma futbolçy «Liwerpuly» saýlandan soň, bu mümkinçilik güýjüni ýitirdi. Şeýle-de bolsa, geljekde «Liwerpul» Wiktor Munýos üçin beýleki toparlardan teklip alsa, «Real» ileri tutulýan satyn alyş hukugyna eýe bolar. Şeýle ýagdaýda hem soňky çözgüt futbolçynyň özüne degişli bolar.

Wiktor Munýos «Realyň» futbol mekdebiniň uçurymydyr. Soňra ol «Osasuna» toparyna geçip, geçen möwsümde ähli ýaryşlarda 36 duşuşykda meýdança çykdy. Ol şol oýunlarda ýedi gol geçirip, bäş asist berdi.

22 ýaşly hüjümçi häzirki wagtda geçirilýän 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty üçin Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň sanawyna hem girizildi. Toparyň baş tälimçisi Luis de la Fuente ýaş futbolça ynam bildirip, ony dünýä çempionatyna alyp gitdi. Ispanlaryň ilkinji duşuşygynda ýaş hüjümçi ätiýaçda galdy. "Gyzyl furia" şol oýunda Kabo-Werde bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady.

"Transfermarkt" portaly Wiktor Munýosyň bazar bahasyny 30 million ýewro diýip kesgitleýär. Onuň «Osasuna» bilen ozalky şertnamasy 2030-njy ýylyň tomsuna çenli niýetlenipdi.