"Realyň" täze transferi – Bernardu Silwa Madrid toparyna goşuldy

Madridiň «Realy» Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň tejribeli ýarymgoragçysy Bernardu Silwanyň topara goşulandygyny resmi taýdan yglan etdi. "Santýago Bernabeuda" geçirilen gysgajyk tanyşdyrylyş dabarasyndan soň, madridliler futbolçy bilen şertnama baglaşylandygyny mälim etdiler.

Taraplaryň arasyndaky ylalaşyga görä, 31 ýaşly futbolçy «Realyň» düzüminde 2028-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli çykyş eder. Şeýlelikde, Bernardu Silwa geljek iki möwsümde madrid toparynyň köýnegini geýer.

Portugaliýaly futbolçy «Mançester Sitidäki» dokuz ýyllyk döwrüni tamamlandan soň täze tapgyra başlaýar. Onuň iňlis topary bilen şertnamasy 1-nji iýulda tamamlanýar. Şondan soň ol erkin agent derejesinde Madridiň toparyna goşular.

Bernardu Silwanyň ady soňky aýlarda birnäçe topar bilen baglanyşdyryldy. Esasan hem «Barselona» bilen Madridiň «Atletikosy» tejribeli ýarymgoragçyny düzümine goşmak isleýän esasy dalaşgärler hasaplanylýardy. Hatda belli bir döwürde katalon topary transfer üçin iň güýçli kandidat hökmünde görkezilipdi. Şeýle-de bolsa, soňky gepleşikleriň netijesinde futbolçy karýerasyny «Realda» dowam etdirmek kararyna geldi.

Habarlara görä, portugaliýaly futbolçynyň Madridi saýlamagynda toparyň täze baş tälimçisi Žoze Mourinýonyň hem täsiri bolupdyr. Tejribeli hünärmen bilen watandaşy Bernardu Silwanyň arasynda birnäçe gepleşikleriň geçirilendigi aýdylýar.

Bernardu Silwa 2017-nji ýylda «Monakodan» – «Mançester Sita» geçipdi. Şondan bäri ol Pep Gwardiolanyň toparynyň esasy oýunçylarynyň birine öwrüldi. Dokuz möwsümiň dowamynda portugaliýaly futbolçy "şäherlileriň" düzüminde Angliýanyň çempionatynda, Angliýanyň kubogynda, Liganyň kubogynda we Ýewropa ýaryşlarynda birnäçe üstünlik gazandy.

Ol «Mançester Sitiniň» düzüminde ýüzlerçe duşuşyk geçirip, toparyň taryhyndaky iň üstünlikli döwürleriň birine şaýat boldy. Tehniki ussatlygy, oýny guramak ukyby, köpugurlylygy we işjeňligi bilen tanalan Bernardu toparyň hüjümleriniň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri bolupdy.

Soňky möwsümiň dowamynda futbolçy şertnamasyny uzaltmakdan ýüz öwrüp, täze çagyryşy kabul etmek isleýändigini mälim edipdi. Şondan soň onuň ady dürli toparlar bilen baglanyşdyryldy, emma ahyrky saýlaw Madridiň «Realynyň» peýdasyna boldy.

Metbugatda peýda bolan maglumatlara görä, futbolçy we onuň wekilleri şertnama gol çekendigi üçin umumylykda 10 million ýewro möçberinde bonus alar. Şeýle hem Bernardu Silwanyň ýyllyk zähmet haky takmynan 10 million ýewro bolar diýlip garaşylýar.

«Real» soňky ýyllarda tejribe bilen ýaşlygy utgaşdyrýan transfer syýasatyny dowam etdirýär. Bernardu Silwanyň goşulmagy toparyň ýarymgoragynda bäsdeşligi has-da güýçlendirer. Portugaliýaly futbolçy öz tejribesi bilen täze möwsümde «Realyň» Ispaniýanyň çempionatynda we Ýewropa ýaryşlarynda esasy güýçleriniň biri bolmagyna kömek etmäge synanyşar.