DÇ - 2026. Fransiýa, Norwegiýa, Argentina we Awstriýa ýeňiş gazandy

Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynda 16-njy iýundan 17-nji iýuna geçilýän gije geçirilen "I" we "J" toparçalaryň ilkinji duşuşyklary tamamlandy. Gijäniň dört oýnunda hem ýeňiji kesgitlenip, Fransiýanyň, Norwegiýanyň, Argentinanyň we Awstriýanyň milli ýygyndylary üç utuk gazandy.

"I" toparçanyň ilkinji duşuşygynda Fransiýanyň milli ýygyndysy Senegalyň milli ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. ABŞ-nyň Ist-Raterford şäherindäki "MetLaýf" stadionynda geçirilen oýunda ilkinji gol diňe 66-njy minutda geldi. Kilian Mbappe Maýkl Oliseniň pasyndan soň hasaby açdy. 82-nji minutda ätiýaçdan meýdança giren Bredli Barkola fransuzlaryň artykmaçlygyny iki gola ýetirdi. Senegal 90+5-nji minutda Ibragim Mbaýeniň goly bilen tapawudy azaltdy, emma dessine 90+6-njy minutda Mbappe ýene tapawutlanyp, duşuşygyň soňky netijesini goýdy.

Bu oýunda Mbappe Fransiýanyň milli ýygyndysynyň taryhyndaky iň netijeli futbolçy boldy. Ol milli ýygyndynyň düzüminde geçiren 99-njy duşuşygynda 57-nji we 58-nji gollaryny geçirip, Oliwýe Žirunyň 57 golluk rekordyny yzda galdyrdy.

"I" toparçanyň beýleki duşuşygynda Norwegiýanyň milli ýygyndysy Yragyň milli ýygyndysyny 4:1 hasabynda ýeňdi. ABŞ-nyň Foksboro şäherindäki "Jillet" stadionynda geçirilen oýunda norwegiýalylar başyndan ahyryna çenli artykmaçlyk gazandylar. Erling Holand iki gezek tapawutlandy, Leo Estigor bilen Kristian Torstwedt hem gollaryň awtory boldy. Yragyň ýeke-täk goluny Aýmen Huseýn geçirdi. Soňra duşuşygyň soňky goly Huseýniň öz derwezesine geçiren awtogoly hökmünde hasaba alyndy.

Gijäniň iň täsirli duşuşyklarynyň biri "J" toparçada geçirildi. Argentina Alžiri 3:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň esasy gahrymany 38 ýaşly Lionel Messi boldy. Tejribeli hüjümçi 17-nji, 60-njy we 76-njy minutlarda tapawutlanyp, dünýä çempionatynyň ilkinji het-trigini amala aşyrdy.

Bu duşuşyk Messi üçin aýratyn ähmiýete eýe boldy. Ol dünýä çempionatlarynyň altysyna gatnaşan ilkinji futbolçy hökmünde taryha girdi. Şeýle hem bu onuň Argentinanyň milli ýygyndysyndaky 200-nji duşuşygy boldy. Häzir onuň milli ýygyndynyň düzüminde 117 gol we 61 asisti bar.

Messiniň bu het-trigi dünýä çempionatlaryndaky gollarynyň sanyny 16-a ýetirdi. Şeýlelikde ol Germaniýanyň öňki hüjümçisi Miroslaw Klozeniň rekordyna şärik boldy. Mundan başga-da, Messi häzirki çempionatyň bombardirler sanawynda birinji orna çykdy.

Günüň soňky duşuşygynda Awstriýanyň milli ýygyndysy Iordaniýanyň milli ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. Awstriýalylar 20-nji minutda Romano Şmidiň goly bilen öňe saýlandylar. 50-nji minutda Ali Olwan hasaby deňledi. Emma 68-nji minutda Ýazan Al-Arab öz derwezesine gol geçirip, Awstriýany ýene öňe çykardy. Duşuşygyň soňky nokadyny bolsa Marko Arnautowiç 11 metrlik jerime urgusyndan goýdy.

Şeýlelikde, 1-nji tapgyryň netijesinde "I" toparçada Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen Norwegiýanyň milli ýygyndysy üç utukdan toplap toparyň başyna çykdy. Senegal bilen Yrak ilkinji duşuşykdan soň utuk gazanyp bilmedi.

"J" toparçada bolsa Argentinanyň milli ýygyndysy bilen Awstriýanyň milli ýygyndysy ýeňiş gazanyp, üç utuk bilen öňe saýlandy. Alžiriň we Iordaniýanyň milli ýygyndylary bolsa ilkinji tapgyrdan soň utuksyz galdy.