"Milan" baş tälimçisini mälim etdi

Italiýanyň «Milan» topary täze baş tälimçisiniň adyny resmi taýdan mälim etdi. Ozaldan bäri garaşylşy ýaly, toparyň başyna portugaliýaly hünärmen Ruben Amorim getirildi.

"Rossonerileriň" resmi beýanatynda şertnamanyň möhleti görkezilmese-de, žurnalist Fabrizio Romanonyň maglumatyna görä, Amorim topar bilen 2028-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. Ylalaşykda ýene bir ýyl uzaltmak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulypdyr.

40 ýaşly tälimçi soňky gezek «Mançester Ýunaýted» toparynda işledi. Ol iňlis toparyna 2024-nji ýylyň noýabr aýynda gelip, 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda wezipesinden boşadyldy. Amorimiň ýolbaşçylygynda "gyzyl şeýtanlar" 2024/25-nji möwsümde Angliýanyň çempionatynda diňe 15-nji orny eýeläp bildi. Şeýle-de bolsa, topary Ýewropa ligasynyň finalyna çykardy. Emma finalda «Tottenhemden» ýeňildi.

Amorim işsiz galandan bäri täze topar gözleýärdi. Indi bolsa ol Ýewropanyň iň meşhur toparlarynyň biri bolan «Milanyň» başyna geçdi.
«Milan» geçen möwsümi şowsuz tamamlady. Topar soňky tapgyrda öz meýdançasynda «Kalýariden» ýeňlip, Çempionlar ligasyna gatnaşmak mümkinçiligini elden gidirdi. Şondan soň toparyň ýolbaşçylary Massimiliano Allegrini wezipesinden boşatdylar we täze tälimçiniň gözlegine başladylar.

«Milanyň» eýesi bolan "RedBird Capital Partners" kompaniýasynyň dolandyryjy hyzmatdaşy Jerri Kardinale täze tälimçi baradaky pikirlerini paýlaşdy.

Onuň sözlerine görä, klub Amorimi birnäçe ýyl bäri üns bilen yzarlap gelipdir. Kardinale portugaliýaly hünärmeniň «Sportingdäki» işiniň täsirli bolandygyny, onuň ýokary depginli pressinge, topa gözegçilik etmäge we hüjüm futbolyna esaslanýan oýun ýörelgesiniň «Milanyň» geljekki meýilnamalaryna doly laýyk gelýändigini aýtdy.

Klubyň ýolbaşçysy Amorimi häzirki Ýewropa futbolyndaky iň taýýarlykly ýaş tälimçileriň biri hökmünde häsiýetlendirdi. Şeýle hem onuň ýaş futbolçylary ösdürmekde uly tejribesiniň bardygyny nygtady.

Täze baş tälimçi hem ilkinji beýanatynda «Milana» ýolbaşçylyk etmegiň köp ýyllardan bäri arzuwlarynyň biri bolandygyny aýtdy.

– Tälimçilik ýolunda hemişe ýanyň bilen galýan arzuwlar bolýar. «Milanda» işlemek meniň iň uly arzuwlarymyň biridi. Bu toparyň taryhynyň, abraýynyň we dünýäniň çar künjegindäki janköýerleriniň näderejede ulydygyny gowy bilýärin. Şeýle uly çagyryşy buýsanç we joşgun bilen kabul edýärin. Men bu topar bilen işe başlamaga we «Milany» öňe sürýän güýçli höwesi her gün duýmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn – diýip, Amorim aýtdy.

Maglumatlara görä, portugaliýaly hünärmeniň ýyllyk zähmet haky 3,5 million ýewro bolar. Şertnamada A seriýasynda we Ýewropa ýaryşlarynda gazanyljak üstünlikler üçin dürli baýrak pullary hem göz öňünde tutulypdyr.

Amorim «Milanyň» soňky üç ýylyň dowamynda üçünji baş tälimçisi boldy. Ol toparyň täze taslamasynyň esasy şahsyýeti hökmünde görülýär.

Ýeri gelende bellesek, «Milan» täze möwsümde Italiýanyň adyndan Ýewropa ligasynda çykyş eder. Şeýle-de Amorimiň täze wezipä bellenmegi «Mançester Ýunaýtede» hem maliýe taýdan peýda getirer. Iňlis metbugatynyň maglumatlaryna görä, portugaliýaly hünärmeniň başga topar bilen şertnama baglaşmagy sebäpli «Ýunaýted» öňki şertnama boýunça tölemeli öwez pullarynyň takmynan 10 million funt sterling möçberindäki böleginden halas bolar.