Tunisiň milli ýygyndysy tälimçi çalşygyny geçirdi
2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda şowsuz başlan çykyşdan soň, Tunisiň futbol federasiýasy milli ýygyndynyň baş tälimçisi Sabri Lamuşini wezipesinden boşatdy. Bu barada ýygyndynyň metbugat gullugy resmi taýdan habar berdi.

Lamuşiniň ýolbaşçylygyndaky Tunis dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyryndaky ilkinji duşuşygynda Şwesiýanyň milli ýygyndysyndan 1:5 hasabynda utuldy. Meksikanyň Monterreý şäherinde geçirilen şol oýunda tunisliler birinji ýarymda iki gol geçirdip, bir gol bilen jogap berdiler. Emma ikinji ýarymda garşydaş topar ýene üç gezek tapawutlanyp, Tunis agyr ýeňlişe sezewar boldy.
Bu netijeden soň Tunisiň federasiýasy gyssagly çözgüt kabul edip, bary-ýogy birnäçe hepde ozal bellenen Sabri Lamuşi bilen hoşlaşdy. Şeýlelikde, ol dünýä çempionatynyň taryhynda ilkinji duşuşykdan soň wezipesinden boşadylan ilkinji baş tälimçi hökmünde hasaba alyndy.
Lamuşiniň ýerine tejribeli fransuz hünärmeni Erwe Renar bellenildi. 57 ýaşly tälimçi dünýä futbolynda tanalýan hünärmenleriň biri bolup, ol ozal Zambiýanyň hem-de Kot-d'Iwuaryň milli ýygyndylary bilen Afrikanyň Milletler Kubogyny gazandy. Şeýle hem ol 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynda Saud Arabystanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk edip, topary Argentinanyň milli ýygyndysynyň garşysynda taryhy ýeňşe alyp barypdy.

Tunisiň futbol federasiýasynyň maglumatyna görä, Renar häzirki wagtda dünýä çempionatynyň galan bölegi üçin bellenildi. Ýaryş tamamlanandan soň bolsa taraplar hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşarlar.
Tunis milli ýygyndysynyň öňünde indi örän jogapkärli duşuşyklar garaşýar. Topar ikinji tapgyrda Ýaponiýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Bu oýun 21-nji iýunda geçiriler. Toparçadaky soňky duşuşygynda bolsa tunisliler 26-njy iýunda Gollandiýanyň milli ýygyndysyna garşy meýdança çykarlar.
Şwesiýadan gelen agyr ýeňlişden soň Tunisiň ýolbaşçylary toparyň ýagdaýyny düzetmek üçin tälimçi çalşygyna gitdi. Indi toparyň janköýerleri tejribeli Erwe Renaryň ýolbaşçylygynda milli ýygyndynyň dünýä çempionatyndaky çykyşyny gowulandyrmagyna umyt baglaýarlar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


