Týerri Anriniň ady Nýu-Ýorkuň köçeleriniň birine berildi

1998-nji ýylda Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony bolan meşhur futbolçy Týerri Anri ABŞ-da uly hormata mynasyp boldy. Nýu-Ýork şäheriniň häkimiýeti Manhettendäki 50-nji köçe bilen 6-njy şaýoluň çatrygyndaky ýere wagtlaýynça "Týerri Anri köçesi" adyny berdi.

Bu çäre dünýä çempionatynyň çäklerinde geçirilýän futbol baýramçylygynyň bir bölegi hökmünde guraldy. Köçe ýazgysynyň açylyş dabarasy 10-njy iýunda geçirildi we täze at şu ýylyň 1-nji noýabryna çenli saklanar.

Týerri Anri amerikan futbol janköýerleri üçin ýat adam däl. Fransuz hüjümçi 2010–2014-nji ýyllarda MLS-de çykyş edip «Nýu-Ýork Red Bullz» toparynyň düzüminde oýnady. Ol toparyň köýneginde 135 duşuşyga çykyp, 52 gol geçirdi hem-de 40 asist berdi. Şol ýyllarda Anri diňe bir toparyň lideri bolman, eýsem ABŞ-da futbolyň meşhurlygynyň ýokarlanmagyna hem uly goşant goşdy.

Şonuň üçin hem Nýu-Ýork şäheriniň ýolbaşçylary onuň hyzmatlaryny aýratyn bellemek kararyna geldi. Häzirki wagtda hem Anri Nýu-Ýorkda ýaşaýar we şäher bilen arabaglanyşygyny dowam etdirýär.

Týerri Anri şeýle hormata mynasyp bolan az sanly futbolçylaryň biridir. Ondan öň diňe braziliýaly futbol rowaýaty Pele Nýu-Ýorkda öz ady dakylan köçä eýe bolupdy.

Emma bu başlangyç käbir jedelleri hem döretdi. Irlandiýaly janköýerleriň bir bölegi köçäniň Anriniň adynyň dakylmagyna garşy çykdy. Munuň sebäbi 2009-njy ýylda Fransiýa bilen Irlandiýanyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň saýlama oýnunda bolan meşhur waka bilen baglanyşyklydyr.

Şol duşuşykda Týerri Anri topa eli bilen degip, soňra gol bilen tamamlanan hüjümiň dowam etmegine mümkinçilik döredipdi. Netijede Fransiýa dünýä çempionatyna çykypdy. Bu waka köp irlandiýaly futbol söýüjileriniň ýadynda henizem saklanýar.

Şeýle-de bolsa, Nýu-Ýork şäheriniň ýolbaşçylary Anriniň futbol taryhyndaky ornuny, dünýä futbolyna we ABŞ futbolynyň ösüşine goşan goşandyny ýokary bahalady. Häzirki wagtda dünýä çempionatynyň dowam edýän günlerinde onuň adynyň şäheriň merkezindäki köçeleriň birinde peýda bolmagy fransuz rowaýatynyň futbol dünýäsindäki abraýynyň ýene bir subutnamasy boldy.