Kabo-Werdeniň gahrymany Žozimar Wozinýa dünýä çempionatynda taryha girdi

Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň "H" toparçasyndaky Ispaniýa bilen Kabo-Werdeniň arasynda geçirilen duşuşygyň esasy gahrymany Kabo-Werdeniň derwezeçisi Žozimar Wozinýa boldy. 40 ýaşly tejribeli futbolçy ýedi sany howply urgyny saklap, ýygyndysyna taryhy ilkinji utugyny gazandyrdy we duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.

Köp futbol janköýerleri Wozinýany diňe Ispaniýa garşy ajaýyp çykyşyndan soň tanadylar. Emma onuň durmuş ýoly we futbol karýerasy hem özboluşly wakalara baý.

Aslynda derwezeçiniň hakyky ady Žozimar Diaş. "Wozinýa" bolsa onuň çagalyk lakamy. Ol kiçi ýaşlarynda özünden uly oglanlar bilen futbol oýnaýar eken. Haçan-da bir zat başa barmasa ýa-da oýunda gaty kynçylyk çekse, gaharlanyp meýdançany terk edýärmiş. Şonda dostlary onuň enesine arz etmäge gidýändigini degişme edip aýdypdyrlar. Şeýlelikde, portugallaryň dilindäki "Enem" ýa-da "enesiniň agtygy" diýen manyny berýän "Wozinýa" lakamy onuň adyna öwrülipdir.

Žozimar çagalyk ýyllarynda kakasynyň harby gullukda bolmagy, ejesiniň bolsa yzygiderli işlemegi sebäpli enesi bilen ulalypdyr. Hut şonuň üçin hem bu lakam onuň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär.

Wozinýa professional futbola örän giç – 25 ýaşynda gadam basdy. Ol Angolanyň «Progresso» topary bilen şertnama baglaşanda, toparda Žozimar atly başga bir derwezeçi hem bar eken. Şonda ol köýneginde öz adynyň ýerine "Wozinýa" lakamyny ýazdyrmagy makul bilipdir.

Soňky ýyllarda ol dürli ýurtlarda çykyş etdi. Derwezeçi Moldowanyň, Slowakiýanyň hem-de birnäçe beýleki ýurtlaryň toparlarynda oýnady. Karýerasyndaky ýeke-täk kubogyny Kiprde gazandy. Häzirki wagtda bolsa Portugaliýanyň ikinji ligasynda çykyş edýän «Şawiş» toparynyň derwezesini goraýar.

Kabo-Werdeniň milli ýygyndysynda Wozinýa 89 duşuşyk geçirip, milli toparyň taryhynda iň köp oýun geçiren futbolçylaryň arasynda ikinji orny eýeleýär.

Şeýle-de bolsa, onuň ady iň köp Ispaniýa garşy geçirilen duşuşyk bilen ýatda galar. Wozinýa dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnuna 40 ýaşynda çykdy. Ol duşuşykda derwezesini golsyz saklap, dünýä çempionatlarynyň taryhynda ilkinji duşuşygynda derwezesine gol goýbermedik iň ýaşuly derwezeçi hökmünde rekord goýdy.

Duşuşyk tamamlanandan soň Wozinýa gözýaşlaryny saklap bilmedi. Ol muny maşgalasyny ýatlamagy bilen düşündirdi.

Derwezeçiniň sözlerine görä, enesi we atasy birnäçe ýyl ozal aradan çykypdyr. Ejesi bolsa wiza we maliýe kynçylyklary sebäpli ABŞ-a gelip bilmändir. Şonuň üçin hem özüniň durmuşyndaky iň uly pursatlaryň birinde iň ýakyn adamlarynyň ýanynda bolmazlygy Wozinýany duýgulandyrdy.

Ispaniýa bilen geçirilen duşuşykdan soň derwezeçiniň meşhurlygy birbada ýokarlandy. Oýundan öň onuň "Instagram" sosial ulgamyndaky yzarlaýjylarynyň sany takmynan 40 müň bolan bolsa, duşuşykdan birnäçe sagat soň bu görkeziji millionlara ýetdi. Onuň häzirki wagtda yzarlaýjysy 5,9 million bolup durýar.

Kabo-Werdeniň taryhynda ilkinji dünýä çempionatyndaky ilkinji utugynda iň uly paýyň eýesi bolan Žozimar Wozinýa, şeýdip, diňe öz ýurdunyň däl, eýsem bütin dünýä futbol janköýerleriniň üns merkezine düşdi. 40 ýaşly derwezeçi dünýä çempionatynyň ilkinji günleriniň iň täsirli hekaýalarynyň biriniň baş gahrymanyna öwrüldi.