"Realyň" tälimçiler düzümine Sami Hedira goşuldy
Madridiň «Realy» toparynyň ozalky futbolçysy Sami Hedira toparyň tälimçiler düzüminde işläp başlar. Bu barada žurnalist Fabrizio Romano habar berdi.
Maglumata görä, 39 ýaşly germaniýaly hünärmen bilen ylalaşyk gazanyldy we ol iýul aýyndan başlap täze wezipesine girişer. Hedira Madridiň «Realynda» baş tälimçi wezipesine gaýdyp gelen Žoze Mourinýonyň kömekçileriniň biri bolar.
Sami Hedira futbolçylyk karýerasynyň dowamynda 2010 – 2015-nji ýyllar aralygynda «Realda» çykyş edipdi. Hut şol döwürde ol toparyň şol wagtky baş tälimçisi Žoze Mourinýo bilen bile işleşipdi. Portugaliýaly hünärmen «Reala» ilkinji gezek 2010-njy ýylda gelip, 2013-nji ýyla çenli topara ýolbaşçylyk edipdi.
Hediranyň tälimçiler düzümine goşulmagy Mourinýonyň Madriddäki täze taslamasynyň möhüm bölegi hökmünde görülýär. Ozalky ýarymgoragçy «Realyň» düzüminde Ispaniýanyň çempionatynda, Kubogynda we Superkubogynda ýeňiş gazanyp, toparyň esasy futbolçylarynyň biri bolupdy.
Soňky günlerde metbugatda portugaliýaly ozalky goragçy Pepeniň hem «Reala» dolanyp gelmegi mümkin diýen habarlar peýda bolupdy. Ony hem Mourinýonyň kömekçileriniň biri hökmünde görýändikleri aýdylýar. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda diňe Sami Hedira bilen baglanyşykly ylalaşyk tassyklandy.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


