DÇ - 2026. Ispaniýa Kabo-Werdeniň derwezesine ýol tapyp bilmedi
Futbol boýunça 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň "H" toparçasyndaky ilkinji duşuşykda Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen Kabo-Werdeniň milli ýygyndysy 0:0 hasabyndaky deňlik bilen oýnady.

ABŞ-nyň Atlanta şäherindäki "Mercedes-Benz" stadionynda geçirilen duşuşykda ispanlar oýnuň dowamynda uly artykmaçlyga eýe boldular. Luis de la Fuenteniň şägirtleri köp sanly howply pursat döretseler-de, Kabo-Werdeniň goragyny we derwezeçisi Žozimar Wozinýany ýeňip bilmediler.
Afrikanyň ýygyndysy hüjümde kän görünmese-de, tertipli goragy bilen ünsi çekdi. Kabo-Werdeniň futbolçylary duşuşykdaky ilkinji takyk urgularyny diňe 90-njy minutda ýerine ýetirdiler. Şeýle-de bolsa, olar dünýä çempionatlaryndaky ilkinji oýunlarynda derwezelerini gol goýbermezden saklamagy başardylar.
Bu duşuşykda Ispaniýanyň ýaş ýyldyzy Lamin Ýamal dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnuna çykdy. Ol 71-nji minutda ätiýaçdan meýdança girip, 18 ýaşynda dünýä çempionatynyň final tapgyrynda çykyş eden futbolçylaryň hataryna goşuldy.
Duşuşykdan soň iň gowy oýunçy hökmünde Kabo-Werdeniň 40 ýaşly derwezeçisi Žozimar Wozinýa saýlandy. Tejribeli derwezeçi ýedi sany urgyny saklap, toparyna taryhy utuk gazanmaga kömek etdi. Şeýle hem ol dünýä çempionatlarynyň taryhynda ilkinji oýnunda derwezesini golsyz saklan iň ýaşuly derwezeçi hökmünde täze rekord goýdy.

Mundan başga-da, ispan hüjümçisi Mikel Oýarzabal özboluşly antirekord bilen tapawutlandy. Ol dünýä çempionatlarynyň taryhynda oýnuň ilkinji 30 minutynda topa asla degmedik ilkinji futbolçy boldy.

Bu netijeden soň Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen Kabo-Werdeniň milli ýygyndysy her haýsy bir utuk gazanyp, "H" toparçasynyň sanawynda öňdäki orunlary paýlaşýar. 15-nji iýundan 16-njy iýuna geçilýän gije toparçanyň beýleki duşuşygynda Saud Arabystanyň milli ýygyndysy bilen Urugwaýyň milli ýygyndysy garşylaşar. Duşuşygyň başlanjak wagty sagat 03:00.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


